Tähran we Aşgabat özara söwda dolanşygynyň mukdaryny 5 esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär
21.05.2025 | 01:35 |19-20-nji maýda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk Ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Taraplar söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler. Serhetýaka söwda-ykdysady zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berildi.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň mukdary 600 million dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyldaky görkezijiden ýokarydyr. Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky söwda dolanyşygyny 2028-nji ýyla çenli 3 milliard dollara ýetirmäge gönükdirilen üç ýyllyk ýol kartasyny işläp düzmek teklip edildi.
Eýranyň “Nournews” agentliginiň habaryna görä, 2028-nji ýyla çenli taraplar her ýyl öz ýurdunyň çäginden 20 million tonna möçberinde harytlary üstaşyr geçirmegi meýilleşdirýärler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Abbas Aliabadiniň, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Hususan-da, Eýranyň KHBS-niň habar berişi ýaly, taraplaryň iki goňşy ýurduň arasyndaky iň möhüm energetika hyzmatdaşlygy boýunça taslamalarynyň biri bolan Mary–Maşat elektrik geçirijisiniň üçünji şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmak barada ylalaşandyklar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň eýranly kärdeşi Seýed Abbas Aragçiniň arasynda hem duşuşyk geçirildi. Ministrler Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işi barada pikir alyşdylar we gazanylan ylalaşyklaryň Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň we alyş-çalyşlaryň giňelmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Taraplar şeýle hem halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlyk we birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak meselelerine degip geçdiler.
ORIENT