Iň täze habarlar

Koreýa Respublikasyna syýahatlary meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin maglumat

08.05.2025 | 09:05 |
 Koreýa Respublikasyna syýahatlary meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary üçin maglumat

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Koreýa Respublikasyna girmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary we ähli daşary ýurtly ýolagçylar üçin Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugynyň täze talaplary girizýändigi barada habar berdi. Bu baradaky maglumat awiadaşaýjynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Täze düzgünlere laýyklykda, Koreýa Respublikasyna barmak isleýän her bir ýolagçy ýurda girmezden 3 gün öňünden elektron kartasyny doldurmaga borçlydyr. Bu maksat üçin Koreýa Respublikasynyň Migrasiýa gullugy tarapyndan https://e-arrivalcard.go.kr salgysy boýunça elýeterli bolan ýörite onlaýn-portal döredildi.

Bu çäre Koreýa Respubliaksynyň howa menzillerinde pasport gözegçiligini geçmek işini gowulandyrmak we çaltlaşdyrmak maksady bilen girizilýär. Ozal “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň we Koreý Respublikasynyň paýtagty Seul şäheriniň arasynda göni awia gatnawlarynyň ýola goýulandygyny habar berendigi barada ýatladýarys. Bu ugur boýunça ilkinji gatnaw şu ýylyň 14-nji iýulyna meýilleşdirildi.

Täze Aşgabat-Seul ugrundan ýa-da Koreýa Respublikasyna islendik başga gatnawyndan peýdalanmagy meýilleşdirýän ýolagçylara migrasiýa gullugynyň täze düzgünleri bilen ýakyndan tanyşmak we girmek üçin elektron kartyny öz wagtynda doldurmak zerurdyr.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: