"Türkmenaragatnaşyk" agentligi we "Türkmenpoçta" aragatnaşyk pudagynda zähmet çeken weteranlary gutladylar
08.05.2025 | 17:25 |Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhymyzyň gatlarynda ebedilik saklanýar.
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli, şu günler Watan gahrymanlaryna Döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar we gül desseleri gowşurylýar.
Ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň çäklerinde, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk pudagynda zähmet çeken Watan gahrymanlaryny gutlamak dabarasy gurnaldy.
«Türkmenpoçta» PAK-da uzak ýyllaryň dowmynda zähmet çeken Watan gahrymany Walentina Žerdewa, şu ýyl 101 ýaşyny belledi. Walentina Žerdewa şöweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşen zenanlaryň biri bolup, ol Beýik Watançylyk urşunyň sylaglary bilen birnäçe gezek sylaglandyrylan zenanlaryň biridir.
Beýik özgertmeler ýoly bilen barha kuwwatlanýan mähriban Watanymyzyň asudalygyna buýsanýan Watan gahrymany, bu günki gün, hatyrasynyň belentde sarpalanýandygy üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine alkyş sözlerini aýtdy.
Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna we Ýeňşiň gazanylmagyna goşant goşan Watanymyzyň gerçekleri we mukaddes eneleri ýaş nesiller üçin watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we arassa ahlaklylyk mekdebidir.
ORIENT news