Aşgabatda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly Halkara sergisi we maslahaty geçiriler
05.05.2025 | 13:20 |2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly Halkara sergisine we maslahatyna hasaba alnyşyk açyldy.
25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek maslahat we sergi Türkmenistanyň paýtagtynyň häzirki zaman, durnukly we ýaşaýyş üçin amatly şäher hökmünde gazananlaryny açyp görkezmek we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna, şol sanda şäher gurluşyk, binagärlik, ulag, jemagat hojalygy, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklara wekilçilik edýän ýolbaşçylar we hünärmenler öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de şäher gurşawynyň ösüşiniň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar. Çäre çalt ösýän Aşgabat şäherinde elýeterli bolan maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga hem özboluşly meýdançany hödürlär.
Çäräniň guramaçylary bolup, Aşgabat şäher häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.
Maslahat bilen bilelikde geçiriljek sergi şäher durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion çözgütleriň görkeziljek meýdançasy bolar. Kompaniýalar we guramalar gurluşyk, abadanlaşdyryş, “akylly şäher” we beýleki meňzeş ugurlar boýunça özüniň işläp taýýarlamalaryny görkezip bilerler.
Giňişleýin maglumat we gatnaşmaga hasaba alnyşyk üçin çäräniň resmi saýtyna geçiň https://ashgabat-white-city.com/ru.
ORIENT news