Iň täze habarlar

KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

23.05.2025 | 16:07 |
 KazanForum-2025 netijelilik boýunça rekord goýdy

Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçirilen KazanForum-2025 Russiýanyň we yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin netijeli platforma hökmünde uly islegden peýdalanýandygyny we halkara gyzyklanmanyň artýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Şu ýyl Forumyň çärelerine dünýäniň 96 ýurdundan we Russiýanyň 82 sebitinden wekiller gatnaşdy, işewürlik maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň sany 8,5 müň adam boldy. KazanForum-yň aýratynlygy onuň ykdysadyýetden we diplomatiýadan başlap, medeniýete we sporta çenli giň mowzuklary öz içine almagydyr. Bu ýyl Forumyň maksatnamasy 200-den gowrak çäreleri, şol sanda 990 çykyşçynyň gatnaşmagynda 148 işewürlik sessiýasyny öz içine aldy. Forum netijeliligi boýunça rekord goýdy: onuň çäklerinde jemi 130 ylalaşyga we Ähtnama gol çekildi, olaryň 75-si halkara derejesinde we 56-sy Tatarystan Respublikasyna degişli. 

2025-nji ýylyň esasy temalary Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň sanlylaşdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlyk, gozgalmaýan emläk sergisi we maslahaty, sport, halal senagaty, yslam maliýe we maýa goýumlary, syýahatçylyk, medeniýet, zenan garaýşy, işewürlik, ykdysadyýet, häzirki we geljekki işgärleri, ylym we tehnologiýa, media işjeñlik çäreleri boldy. KazanForum çäginde «Russiýa – Yslam dünýäsi» Strategik garaýyş toparynyň mejlisi geçirildi. Bu mejlis ýaşlar syýasatyna we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Ony Tatarystan Respublikasynyň Raisi, Strategik garaýyş toparynyň başlygy Rustam Minnihanow alyp bardy.

Forumyň we Strategik garaýyş toparynyň mejlislerinden başga-da, AAOIFI (Yslam maliýe edaralary üçin hasabat we audit guramasy) tarapyndan umumy mejlisler, «Yslam şäherleşen gurşawy» atly halkara simpozium (IBEIS 2025), Söwda-senagat edaralarynyñ halkara forumy, YHG ýurtlarynyň XI ýaş telekeçiler forumy, «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň mejlisi, şeýle hem YHG ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň ýygnagy geçirildi. Bu mejlise 12 ýurtdan medeniýet ministrleri we degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde 8-nji gezek «Russia Halal Expo» halkara sergisi geçirildi, onda 12 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan bolan 54 stend görkezildi. KazanForum çäginde guralan International Property Market atly gozgalmaýan emläk sergisi hünärmenleriň we myhmanlaryň uly gyzyklanmasyny döretdi – bu sergi halkara hyzmatdaşlygyny we dürli ýurtlardan maýadarlary bilen gatnaşyklary berkitmek maksady bilen döredilen özboluşly meýdançadyr. Sergide 57 kompaniýa, şol sanda 29 gurluşyk we ösüş kompaniýasy gatnaşdy. KazanForum 2025-niň çäklerinde YHG ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň IX Forumy geçirildi – bu Russiýanyň we yslam dünýäsiniñ ýurtlarynyň ýaş diplomatlarynyň arasyndaky gepleşikler üçin esasy meýdançadyr. Çäräniň esasy temasy «Ýeňşiň diplomatiýasy» boldy – bu tema diplomatiýanyň Ikinji jahan urşundaky ýeňiş gazanmagyndaky orny, BMG-niň döredilmegi we halkara parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine goşandy, şeýle hem köppolarly dünýädäki tertibiň kemala gelmegi bilen baglanyşykly boldy. «Zenan garaýşy» atly tematiki maksatnama zenanlaryň işewürlikdäki, medeniýetdäki we yslam jemgyýetindäki ornuna bagyşlanan gyzyklanma bilen alnyp barlan gepleşik boldy. Şeýle hem halkara bäsleşigiň jemleri jemlenip, Halal Business Woman we Halal Charity Woman diýen halkara baýraklar zenan telekeçilere we haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýanlara gowşuryldy.

Bu we beýleki çäreler, dürli ýurtlaryň köp ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edip bilýändigini, konstruktiw dialog we hyzmatdaşlyk üçin nusga bolup bilýändigini aýdyň görkezdi. KazanForum 2025 Russiýanyň we yslam dünýäsiniň hyzmatdaşlygynyň hormat, oýlanyşyklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Ol döwletleriň, işewürleriň, ylmyñ we jemgyýetiň tagallalaryny durnukly geljege tarap birleşdirýän möhüm halkara meýdança boldy.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň döredijilik maksady – umumy gülläp ösüş we ösüş ugrunda – KazanForum 2025-niň açylyşynda geçirilen umumy mejlisde çykyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanuly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen pikirlerde we konstruktiw tekliplerde öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyñ nygtap geçişi ýaly, Türkmenistan diplomatiýany musulman ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşdyrylmagy, özara düşünişmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň we peýdalarynyň ykrar edilmegi üçin täsirli gural hökmünde ulanmak mümkinçiliginden ugur alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň KazanForum 2025-de hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we dostluk häsiýetini ýene bir gezek tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanuly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy Rustam Minnihanowyň bilen Kazan Kremlinde geçen duşuşykda hem-de olaryñ Tatarystanyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiñ gatnaşmagyndaky geçirilen söhbetdeşliginde bar bolan mümkinçiligiň iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilik döredýändigi aýratyn nygtaldy.

ORIENT

Foto: kazanforum

Şeýle hem okaň: