Türkmenistanda adam hukuklary, ylym, wirtual aktiwler boýunça täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanýar
05.06.2025 | 00:14 |Türkmenistan adam hukuklaryny goramagy, sanly ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek we ýurduň saýlaw ulgamyny gönükdirilen birnäçe möhüm Kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýär.
Mejlisiň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň 4-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berşi ýaly ileri tutulýan Kanunlaryň taslamalarynyň arasynda şu aşakdaky bar:
▪ adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak barada
▪ saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek barada
▪ ylmy-intellektual eýeçiligi ösdürmek barada
▪ wirtual aktiwler barada
▪ Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek barada
Bu işler ýurduň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir we dürli ugurlarda – hukukdan tehnologiýa çenli giňişleýin özgertmeleriň maksatlaryna laýyk gelýär.
Parlamentiň ýolbaşçysy, şeýle hem, 2025-nji ýylyň bäş aýynda kanun çykaryjylyk işinde alnyp barlan işleriň jemini jemlenildi. Ýanwar – maý aýlary aralygynda kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we Ýük markalary hakynda halkara Konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak goşulmak ýaly täze kanunlarynyň 8-si kabul edildi.
Mundan başga-da Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
ORIENT