Iň täze habarlar

Türkmenistanyň JIÖ-niň, energetika pudagynda artykmajy bilen ýerine ýetirilmegi we bölek satuw haryt dolanyşygyndaky iki belgili ösüş

05.06.2025 | 00:52 |
 Türkmenistanyň JIÖ-niň, energetika pudagynda artykmajy bilen ýerine ýetirilmegi we bölek satuw haryt dolanyşygyndaky iki belgili ösüş

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 4-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygyndaky ykdysady netijeleriň jemleri jemlendi. Wise-premýerler Hojamyrat Geldimyradowyň we Batyr Amanowyň hasabatyna görä, JIÖ-niň ösüşinden we içerki söwdadan nebit-gaz toplumyndaky meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine çenli – esasy makroykdysady we senagat görkezijileri durnukly oňyn ösüş depgini görkezýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti depginli ösmegini dowam etdirýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň Hökümet mejlisinde habar berşi ýaly 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýurduň JIÖ 6,3% ösdi. Ýokary ösüş ulag we aragatnaşyk pudagynda (+ 10,8%), söwdada (+ 9,9%) we hyzmatlar ulgamynda (+ 8,6%) hasaba alyndy.

Gurluşyk pudagy – 4,7%, oba hojalygy – 4%, senagat pudagy – 0,8% ösüş görkezdi.

Jemi öndürilen önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,7% ýokarlandy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5%, daşary söwda dolanyşygy 5,4% ýokarlandy.

Energetika pudagynda önümçilik meýilnamalaryny artykmajy bilen ýerine ýetirildi. Bu barada wise-premýer Batyr Amanow hasabat berdi. Şeýlelik bilen, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 109%, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy – 108%, göterim ýerine ýetirildi.

Ýangyç önünmçilinde hem ösüş depginini ynamly dowam etdirilýär: benzin – 102,8%, dizel ýangyjy – 101,2%, çalgy ýaglary – 121.1%. Suwuklandyrylan gaz önümçiligi 102,2%, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 102,5% ýerine ýetirildi.

Şeýle ösüş depgini – ykdysadyýeti höweslendirmek we esasy pudaklary goldamak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesidir. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda utgaşdyrylan işiň hasabyna diňe bir durnukly ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem milli maksatnamalary we durmuş ugurly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin esas döretmekden ybaratdyr.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: