Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Ilçisi bilen duşuşdy
14.06.2025 | 20:30 |Şu gün, 14-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-de ministr Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň esasy temalary Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar hem-de iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boldy.
Duşuşygyň barşynda ministr Meredow Türkmenistanyň üýtgemeýän oňyn garaýyşlaryny nobatdaky gezek nygtady. BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerinden ugur alýan hemişelik bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan sebitdäki dartgynlyga alada bildirýär we islendik meseleleri çözmek üçin güýç ulanylmagyna düýbünden garşy çykyş edýär.
Öz nobatynda, Eýranyň Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde bolup geçýän wakalara Eýranyň garaýşy bilen türkmen tarapyny tanyşdyrdy. Taraplar islendik meseleleriň çözülmeginde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda diplomatik serişdeleriň ulanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.
Ilçiniň ynsanperwer meseleleriň dessin çözülmegine berýän hemaýatlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny bildirmegi duşuşygyň esasy pursady boldy. Hususan-da, eýranly diplomat sebitiň goňşy döwletleriniň birine amala aşyran saparyndan soňra Türkmenistanyň çägi bilen Watanyna dolanýan Eýranyň resmi wekiliýetine hemmetaraplaýyn hemaýatyň berilendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi. Aşgabatyň bu hereketi ynsanperwerlik ýörelgelerini iş ýüzünde durmuşa geçirýändiginiň ajaýyp mysaly boldy.
ORIENT