Energetika, howa we ulag: Türkmenistanyň sebitiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna çemeleşme
13.06.2025 | 15:00 |Bişkek, 13-nji iýun | ORIENT. Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň II forumy Bişkekde sebitiň esasy çagyryşlaryna ünsi çekdi. Türkmenistanyň wekilleri tematiki sessiýalara işjeň gatnaşyp, ýurduň energetika durnuklylygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş we sebitara logistika ugurlaryny ösdürmek boýunça strategiki çemeleşmelerini hödürlediler. Forum, alty ýurtdan öňdebaryjy bilermenleri, anlitik merkezleriniň ýolbaşçylaryny, ministrlikleriň we esasy kompaniýalaryň wekillerini birleşdirdi hem-de dialogy çuňlaşdyrmaga we bilelikdäki çözgütleri ösdürmäge ýardam etdi.
Energetikanyň durnuklylygy: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Energetika durnuklylygyna we strategiki çeşmelere bagyşlanan birinji mejlisde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew çykyş etdi. Energiýanyň durnukly ösüşiň we ykdysady öňe gidişligiň möhüm şerti bolup durýandygyny, ähmiýetli çeşmelere eýe bolan Merkezi Aziýanyň bolsa ählumumy energetika arhitekturasynda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Bu ýerde Türkmenistan esasy oýunçylardan biridir. Amansaryýew tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ornunda durýan ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ösdürýändigini, infrastrukturany döwrebaplaşdyrýandygyny we halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini, bu ugurda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy, hususan-da “K-Silk Road” başlangyjynyň çäginde alnyp barylýandygyny aýratyn belläp geçdi.
Amansaryýew öz ýurdunyň energetika diplomatiýasy barada giňişleýin durup geçdi we Türkmenistanyň Hytaýa iň köp gaz iberýän ýurtdygyny ýagny ýylda 30 milliard kub metrden gowrak gaz bilen üpjün edýändigini aýtdy. Bu bolsa parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň ep-esli azalmagyna goşant goşýar. Şeýle hem, Hazar deňziniň we Günorta Kawkazyň üsti bilen Ýewropa ýükleri daşamagyň mümkinçilikleri öz içine alýan eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek boýunça taslamalaryň ösdürilmegi, şeýle hem TOPH (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy we owgan böleginiň gurluşygynyň dowam etdirilýändigi barada aýtdy. Öz hasabatynda Amansaryýew TOP (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan) taslamasynyň çäginde elektrik energiýasynyň eksporty meselesine-de ünsi çekdi we elektrik geçirijileriň eýýäm Owganystanyň serhet ýakalaryndaky desgalaryny elekltrik energiýasy bilen üpjün edýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň energetika pudagyndaky “ýaşyl öwrülişiklere” aýratyn üns berildi. Bekdurdy Amansaryýew, kuwwatlylygy 50 MWt deň bolan bolan günden energiýa almak boýunça meýilnamalar hususan-da Ahal welaýatynyň çäginde gurlan kuwwatlylygy 10 MWt deň bolan ilkinji gün elektrik stansiýalary we 2030-njy ýyla çenli “Masdar” bilen hyzmatdaşlykda onuň kuwwatyny 200 MWt ýetirmegi meýilleşdirýän işler barada. barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol çykyşynda, kuwwatlygy 100 MWt-dan gowrak energiýa öndürmäge mümkinçiligi bolan Balkan welaýatynyň çägindäki ýelden energiýa öndürýän stansiýanyň synag taslamalary barada belläp geçdi. Hasabatda tehnologiki taýdan döwrebaplaşdyryş pudakda metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin MARS hemra ulgamyny girizilmegini, 2025-nji ýylda “Türkmengaz” DK-nyň desgalarynda nol syzyşlara ýetmek we gaz turbinalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin “General Electric”, “Mitsubishi”, “Hitachi” ýaly ägirtler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň wekili ekologiýa jogapkärçiligi meselelerine-de ünsi çekdi we ýurduň 2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny 30% azaltmak maksady bilen Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny belledi. Ol Türkmenistanyň Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkezini döretmek üçin infrastruktura bilen üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmen-koreý energetika hyzmatdaşlygynyň çäginde Amansaryýew Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (666 GWt çenli) uly mümkinçiligini belläp, Koreý kompaniýalarynyň energiýa tygşytlylygy, “akylly tor” we wodorod energiýasy boýunça taslamalaryna gatnaşýandygyny aýtdy. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda taslamalary maliýeleşdirmek üçin bilelikdäki gaznany döretmegiň maksadalaýykdygy barada öz pikirini beýan etdi we emeli aňy ulanyp, energiýa torlaryny dolandyrmak pudagynda işjeň ýagdaýda tejribe alyşmagy teklip etdi.
Merkezi Aziýanyň möhüm çeşmeler boýunça mümkinçiliginiň doly açylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, Amansarýew ýaşyl ykdysadyýete geçmegiň litiý, seýrek duş gelýän elementleri, ftor, ýod we barit ýaly serişdelerden peýdalanmagy talap edýändigini we Merkezi Aziýa sebitiniň ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň möhüm bölegine öwrülýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň 2035-nji ýyla çenli 1 million tonna çenli wodorod öndürmäge mümkinçiliginiň bardygyny hem-de ýurt boýunça ftorit, barit, geliý we uglerodly çig mal ýaly möhüm minerallaryň bardygyny aýtdy.
Seýrek toprak metallaryny gaýtadan işlemek we ýod öndürmek üçin zawod gurmagyň ähmiýeti aýratyn bellendi. Türkmenistan ýod öndürmek boýunça GDA-da ikinji orunda durýar. Hasabat beriji goşmaça gymmaty bolan taýýar önümleri öndürmek üçin Günorta Koreýa kompaniýalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge, şeýle hem Hazarüsti ugruny mundan beýläk-de ösdürmäge we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üznüksiz üpjünçiligini üpjün etmäge mümkinçiliklerini döretmäge çagyrdy. Sözüniň ahyrynda Bekdurdy Amansaryýew Merkezi Aziýanyň – diňe bir adaty energetika sebiti bolman, eýsem geljekde “ýaşyl energiýa” we strategiki materiallar bilen üpjün ediji bolup durýandygyny belläp, mümkinçilikleri öwrenmekden bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy.
Howanyň çagyryşlary we durnukly ösüş
Howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyga we uglerodyň bitaraplygyna bagyşlanan sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy Döwletmyrat Mamedow çykyş etdi. Ol howanyň üýtgemeginiň bilelikdäki tagallalary talap edýän iň möhüm serhetara meseleleriniň biridigini belledi. Mämmedow Merkezi Aziýa sebiti üçin howanyň derejesiniň ýokarlanmagy, adatdan daşary yssy howanyň üýtgeýän döwürleri, aşa ýagyş we buzlyklaryň ermegi suw ýetmezçiligine hem-de çölleşmäge sebäp bolup biljek esasy howplary beýan etdi. Ol sebitdäki ýurtlaryň ykdysadyýetiniň köp ýagdaýlarda tebigy baýlyklara, esasanam Pamiryň buzluklarynda emele gelen süýji suw gorlaryna baglydygyny belläp geçdi.
Döwletmyrat Mamedow suw serişdelerini netijeli ulanylmagyna ünsi çekdi. Bu çagyryşlara jogap edip, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga uly ähmiýet berýändigini we daşky gurşawy goramak boýunça halkara resminamalaryň 20-den gowragyna gatnaşýandygyny aýtdy. Ol 2021-nji ýylda kabul edilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň kanunyny we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek üçin täze düzgünleriň üstünde işleýändigini barada belläp geçdi.
Mämmedow, Türkmenistanyň 2030-njy ýyldan başlap parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol ösüşini gazanmak baradaky uly maksatlaryna ünsi çekdi. Ol halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ýurtda alnyp barylýan amaly ädimler şol sanda nebit-gaz pudagynda energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak, gaz paýlaýyş ulgamlarynda awtomatlaşdyrylan ulgamlary ornaşdyrmak we ulgamlary düýpli abatlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Mämmedow çykyşynyň ahyrynda üýtgeýän howada oba hojalygyny we suw serişdelerini dolandyrmagy uýgunlaşdyrmak üçin täze tehnologiýalary gözlemek we özüne çekmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekdi.
Ulag logistikasy: geçelgeleri birleşdirmek we ösdürmek
Ulag logistika we sebitara üpjünçilik zynjyrlaryna bagyşlanan üçünji sessiýada Türkmenistanyň garaýyşlaryny Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň uly mugallymy Osman Hemzäýew beýän etdi. Onuň ylmy we pedagogiki işleri forumda eden çykyşy bilen baglanyşyklydyr. Ol esasan, Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirýän demirýol geçelgesine ünsi çekip, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň ösüşine ünsi çekdi. Bu ugur onuň belleýşi ýaly, Baltika deňzindäki Ýewropa portlarynyň Pars aýlagynyň, Ýakyn Gündogaryň, Merkezi Aziýanyň we Hindi ummany ýurtlarynyň bazarlaryna göni girmek mümkinçiligini üpjün edýär. Hemzäýew bu demir ýoluň Hytaýdan, Russiýadan, Hindistandan we Türkiýeden yzygiderli ýükleriň daşamagyny ýeňilleşdirýändigini, deňiz ýollary bilen deňeşdirilende eltiş wagtynyň ep-esli azalýandygyny nygtady. Şeýle hem ol, “Demirgazyk-Günorta” geçeldege üstaşyr ýük daşamagyň ösüşiniň geljegi we “Gazagystan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” ugry boýunça ýük otlusynyň üstünlikli synagdan geçirilendigi barada belläp geçdi.
Osman Hemzäýew “Hazar deňzi geçelgesi” arkaly Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde ulag we logistika ugurlaryny döretmek başlangyçlaryny işjeň öňe sürýändigini aýratyn belledi. Hazar deňzi dürli sebitleri birleşdirmekde, Hazarýaka döwletlerine gündogarda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, şeýle hem Gara, Ortaýer we Baltika deňizlerine göni çykmaga mümkinçiligini bermekde möhüm orny eýeleýär. Ol konteýnerleriň Hytaýdan Ýewropa çenli Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Günorta Kawkazyň üsti bilen gury ýer bilen daşalmagynyň deňiz ýollary bilen deňeşdirilende ýük akymlaryny ep-esli çaltlaşdyrýandygyny nygtady. Bu bolsa “CASCA+” multimodal ulag geçelgesiniň üstünlikli işini tassyklanýar.
Hemzäýew Türkmenistanyň yklymlaryň çatrygyndaky strategiki taýdan ýerleşişini we ulag diplomatiýasyny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Awazada “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly ösüşi üpjün etmek” atly şygar bilen geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDCs) boýunça üçünji halkara maslahaty barada belläp geçdi.
Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we möhüm pudaklarda innowasion çözgütleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny görkezýän bu sessiýalaryň netijesi, ýurduň Günorta Koreýa bilen hyzmatdaşlykda sebitiň durnukly ösüşine ygrarlydygyny görkezýär.