Iň täze habarlar

ABŞ-nyñ kantri-rok topary Aşgabatda çykyş eder

30.06.2025 | 18:20 |
 ABŞ-nyñ kantri-rok topary Aşgabatda çykyş eder

Aşgabatda amerikan aýdymçysy Jessika Linniñ ýolbaşçylygyndaky kantri-rok toparynyň çykyşlary geçiriler. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berip, toparyň ýurda 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda sapar bilen geljekdigi barada mälim etdi.

Saparyň dowamynda toparyň agzalary ýerli artistler we tomaşaçylar bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirer, bilelikdäki jem-seýşnlere we konsertlere gatnaşar. Ähli çykyşlar janly nobat boýunça giň köpçülik üçin açykdyr.

Şenbe, 5-nji iýul: Konsert sagat 19:00-da “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde başlar.

Ýekşenbe, 6-njy iýul: Çykyş "Arkaç" söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler, başlanýan wagty - sagat 19:30.

ORIENT

Foto: depositphotos

Şeýle hem okaň: