Iň täze habarlar

Ženewada “Roche” farmholdingi bilen seýrek keselleri bolan çagalara goldaw bermek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

07.07.2025 | 22:10 |
 Ženewada “Roche” farmholdingi bilen seýrek keselleri bolan çagalara goldaw bermek boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Şwesariýanyň öňdebaryjy “La Roche” farmasewtik kompaniýasynyň wekili bilen möhüm iş duşuşygy geçirildi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy gemofiliýa we oňurga myşasynyň atrofiýasy ýaly seýrek keselleri bolan çagalara lukmançylyk kömegini bermäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary ösdürmek boldy. Bu başlangyçlaryň çäginde eýýäm türkmenistanly näsaglar durmuş derejesini ep-esli ýokarlandyrýan we maýyplygyň öňüni almaga kömek edýän durmuş ähmiýetli derman serişderlerini alýarlar.

Duşuşykda şeýle hem zerur bejergini uzak möhletleýin üpjün etmek, türkmen hünärmenlerini taýýarlamak we häzirki zaman anyklaýyş serişdelerini bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, diplomatik wekilhanada habar berildi. “Roche” kompaniýasy, Türkmenistanda lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak nukdaýnazaryndan bu hyzmatdaşlygy durnukly esasda dowam etdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Foto: roche.com

Şeýle hem okaň: