Iň täze habarlar

Maýa goýum taslamasy: Sarahs–Mary–Serhetabat awtomobil ýoly Ýewraziýanyň üstaşyr kartasyny nähilli üýtgeder

08.07.2025 | 17:50 |
 Maýa goýum taslamasy: Sarahs–Mary–Serhetabat awtomobil ýoly Ýewraziýanyň üstaşyr kartasyny nähilli üýtgeder

Ykdysady gatnaşyklar we geosyýasy täsiriň ulag infrastrukturasynyň netijeliligi bilen has-da baglanyşýan häzirki zaman dünýäsinde täze logistika şahalarynyň döredilmegi möhüm milli ileri tutulýan derejä eýe bolýar.

Sarahs–Mary–Serhetabat ugry boýunça uzunlygy 450 kilometr bolan awtoulag ýoluny gurmak baradaky taslamasy – hut şunuň ýaly öňden görüjilikli başlangyçdyr. Bu ýol, Türkmenistanyň we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň üstaşyr geçelgesi hökmünde ornuny birnäçe esse güýçlendirmek üçin strategiki ugur bolar.

Awtoulag ýoly ösüşiň nokady hökmünde: hereketiň täze itergisi

XXI asyrda awtoulag ýollarynyň ähmiýeti harytlaryň we adamlaryň ýönekeý hereketinden uzaklara çykýar. Olar ykdysady ösüş, durnuklylyk faktorlary we integrasiýa gurallary üçin kuwwatly hereketlendirijä öwrülýärler. Sarahs–Mary–Serhetabat taslamasy bu filosofiýany durmuşa geçirýär.

Onuň strategiki gymmatlygy esasy serhetleriň: Türkmenistanyň Eýran we Owganystan bilen göni we üznüksiz birikmegindedir. Bu diňe täze aragatnaşyk ýollaryny döretmek bilen çäklenmän, eýsem serhetýaka söwdanyň, maýa goýumlarynyň we medeni alyş-çalyşygyň güýçlendirilmegi üçin amatly gurşawy döredýär.

Logistika nukdaýnazardan seredeniňde, bu ugur kyn we uzak aýlaw ýollaryny geçmän, Merkezi Aziýa ýurtlaryna we goňşy sebitlere Pars aýlagyndaky Eýranyň portlaryna göni we netijeli çykalgany açýar. Bu bolsa ýükleriň iberilmeginiň wagtlaryny we eltmek üçin çykdajylaryny ep-esli azaldýar we Türkmenistanyň çäginden geçen geçelgelerini Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa ýurtlaryna we dünýä bazarlaryna harydyň eksport-impordy üçin has özüne çekiji edip görkezýär.

investproekt-serahs-mary-serhetabat-tranzit (4).jpg

Yzyna gaýdyş ugry boýunça, bu awtoulag ýoly, Türkmenistany esasy üstaşyr köpri hökmünde ulanmak bilen Eýrana, Owganystana we üstaşyr geçiriji ýurtlara Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we beýleki ugurkaryň bazarlaryna päsgelçiliksiz girmäge mümkinçilik berer. Şeýle logistika işjeňleşdirilmegi, söwda we maýa goýumlaryny höweslendirip, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny gönüden-göni ýokarlandyrýar.

Bu awtoulag ýoluna goýlan maýa goýumlaryň goýulmagy – köp ölçegli ösüşe goşantdyr. Ol bar bolanlary giňeltmek we täze halkara logistika geçelgelerini emele getirmek üçin kuwwat itergi bermek üçin niýetlenendir.

Hususan-da, strategiki taýdan ähmiýetli “Demirgazyk-Günorta” ugrunyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we Lapis Lazuli geçelgesi boýunça ulag akymlaryny işjeňleşdirmek üçin onuň orny möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag merkezi hökmünde öz ornuny ep-esli pugtalandyrýar. Munuň özi bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we çig mal däl serişdeleriň eksporty ýokarlandyrmak boýunça uzak möhletli milli strategiýanyň aýrylmaz bölegidir.

Multiplikatiw täsir: Ykdysadyýetden sebitleýin durnuklylygyna çenli

Täze awtoulag ýoly tutuş sebit ykdysadyýeti üçin multiplikatiw täsiri döreder. Bu bolsa täze mümkinçilikleri açar:

Daşary ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek: Kompaniýalar önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmak we zerur çeşmeler almak üçin has çalt we öňünden belli ugurlara eýe bolarlar.

Eksportyň we harytlaryň üstaşyr geçiş mukdarynyň ep-esli ýokarlanmagy: Türkmenistanyň çäginden täze ýük akymlaryny çekmek üstaşyr geçiriş infrastrukturasynyň netijeliligini we özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň gönüden-göni netijesi bolar. Bu, ýola sarp edilýän wagty we iş çykdajylaryny azaldar, Türkmenistany ileri tutulýan üstaşyr hyzmatdaşa öwürer.

Ýanaşyk sebitleriň toplumlaýyn ösüşi: Awtoulag ýoluň ugrunda täze logistika merkezleri we hyzmat ediş desgalary peýda bolar. Bu bolsa müňlerçe täze iş ýerleriniň döredilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine itergi berer, şeýle hem Ahal we Mary welaýatlarynyň umumy maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrar.

Taslamanyň aýratyn ähmiýeti, Owganystandaky oňyn ösüş depgini bilen baglylykda, has-da ýokarlanýar. Türkmenistanyň üsti bilen ygtybarly, netijeli we howpsuz ulag aragatnaşyklarynyň döredilmegi diňe bir ykdysady taýdan maksadalaýyk ädim bolman, eýsem sebitleýin durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, ynsanperwer başlangyçlaryň goldanylmagyna hem-de ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermäge möhüm goşantdyr.

Türkmenistan ygtybarly üstaşyr geçiriji hökmünde çykyş edýär, bu bolsa sebitleýin hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisi üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

investproekt-serahs-mary-serhetabat-tranzit (7).jpg

“Ojar Aziýa”: tejribe, ygtybarlylyk we durnukly geljege bolan garaýyş

«Ojar Aziýa» kompaniýasy bu iri taslamanyň strategik ähmiýetini doly düşünmek bilen, ony netijeli durmuşa geçirmäge taýýardyr. Esasy infrastruktura desgalarynyň gurluşygy boýunça köp ýyllyk tejribä eýe bolan kompaniýa ýokary hünärli inženerleriň we hünärmenleriň toparyna, şeýle hem ygtybarly halkara hyzmatdaşlaryny we bilermenleri çekmekde synagdan geçen çemeleşmelere eýedir.

Taslama resminamalary dünýäniň iň häzirki zaman ulag ýollaryna mahsus öňdebaryjy inženerçilik we sanly çözgütleriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Bu çözgütler köp zolakly hereketleri, oýlanyşykly ýol çatryklary ulgamy, awtomatlaşdyrylan gözegçilik we töleg ulgamlary, şeýle hem ulanyjylaryň hemmesi üçin ýokary howpsuzlyk we rahatlyk derejesi üpjün edip, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine esaslanan energiýa tygşytlaýjy çözgütleri öz içine alýar.

Uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini nygtaýan möhüm ugur — «Ojar Aziýa» kompaniýasynyň durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygydyr. Bu bolsa taslamada diňe bir ykdysady netijeliligi göz öňünde tutulman, eýsem daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak bilen bir hatarda ýerli ilat üçin oňyn durmuş täsirini hem göz öňünde tutulyp durmuşa geçiriljekdigini aňladýar. Şeýle toplumlaýyn çemeleşme, geljek onýyllyklaryň dowamynda taslamanyň durnuklylygyny we gymmatyny üpjün edýär.

investproekt-serahs-mary-serhetabat-tranzit (8).jpg

Sarahs–Mary–Serhetabat awtoulag ýolunyň gurluşygy – bu ýöne nobatdaky infrastruktura taslamasy däldir. Bu geljege gönükdirilen strategik maýa goýum bolup, Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, ony ählumumy ykdysady proseslerine birleşdirmek hem-de tutuş Ýewraziýa giňişliginiň durnukly ösüşi üçin güýçli binýady döreder.

Taslama häzirki zaman we netijeli sebitleýin ulag arhitekturasyny kemala getirmekdäki Türkmenistanyň eýeleýän öňdebaryjy ornunyň aýdyň subutnamasydyr hem-de ýurduň ählumumy logistika bileleşigi üçin ygtybarly hyzmatdaş we özüne çekiji merkez bolmaga taýýardygyny görkezýän anyk işler bolup durýar.

“Ojar Aziýa” kompaniýasynyň web sahypasy: https://ojar.asia/

Foto: “Ojar Aziýa”

Şeýle hem okaň: