Jastin Timberleýk we Robbi Wilýams Stambulda çykyş ederler
09.07.2025 | 17:55 |Stambulyň konsert meýdançalary dürli-dürlidir, emma olaryň her biriniň gurluşy we enjamlaşdyrylyşy ägirt uly dabaralary geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýyl şäheriň sahnalarynda meşhur aýdymçylar – Jastin Timberleýk we Robbi Wilýams, çykyş ederler.
Elbetde iň garaşylýan çäreleriň biri – Jastin Timberleýkiň konsertidir. 2025 ýylda meşhur aýdymçy bütin dünýä aýlanyp, muşdaklaryny begendirmekçi. Onuň Türkiýedäki konserti 30-nji iýulda Stambulyň tehnologiki uniwersitetiniň stadionynda geçer. Bir giden aýdymlary bilen dünýä belli bolan Timberleýk tomaşaçylary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk gurar. Haýran galdyryjy çykyşlary we täsin ýerine ýetirijilik ukyby bilen meşhurlygy gazanan Jastin Timberleýk size Stambulyň sahnasynda garaşýar.
Şol sahnada 7-nji oktýabrda Robbi Wilýams çykyş eder. Beýik Britaniýaly meşhur estrada aýdymçysynyň gelerine Stambul gününi sanap garaşýar. Robbi Wilýamsyň Türkiýedäki çykyşy “Live 2025” bütindünýä konsertiniň çäklerinde geçiriler: dünýäniň birnäçe ýurtlarynda geçiriljek çykyşlar onuň “BRITPOP” atly täze eserler ýygyndylarynyň çykarylmagynyň öň ýanynda guralar.
Robbi Wilýams Türkiýedäki muşdaklaryny birinji gezek begendirenok: aýdymçynyň ilkinji konserti Bodrumda geçdi, bu sapar bolsa ol Stambulda çykyş eder. Şäheriň sahnasyndan Robbi Wilýams muşdaklaryny nusgawy bolan hem-de täze eserler ýygyndylaryna girizilen aýdymlary bilen begendirer. Agşamky konsertiň dowamynda Robbi Wilýams täsirli sesi we zehini bilen unudylmajak ýatlamalar galdyrar.
Stambulda Jastin Timberleýkden we Robbi Wilýamsdan başga-da birnäçe artistler çykyş ederler. Şeýlelik bilen 2025-nji ýylyň tomus möwsümi ýatdan çykmajak wakalara baý bolar.
Petek satyn almak üçin:
ORIENT