Iň täze habarlar

Türkmenistan we Kanada bilim ulgamy we media babatda hyzmatdaşlygy ýola goýarlar

25.08.2025 | 18:00 |
 Türkmenistan we Kanada bilim ulgamy we media babatda hyzmatdaşlygy ýola goýarlar

10-18-nji awgust aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri H.Ýuwşanow Kanadanyň Toronto şäherinde bolup, birnäçe duşuşyklara gatnaşdy.

Saparyň maksady Türkmenistanyň pudaklaýyn-dolandyryş döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boldy. Gepleşikleriň esasy temalary emeli aň, döredijilik senagaty we innowasiýalar boldy.

1

Kanadanyň milli tele radio korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Taraplar žurnalistikany we media okatmagyň häzirki zaman usullaryny, menejment meselelerini, şeýle hem bu ulgamlarda sanly tehnologiýalarynyň we emeli aňyň ulanylşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

2

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: