Iň täze habarlar

Emeli aň esasynda döredilen täze simsiz zarýad ulgamy has durnukly we täsirli boldy

26.08.2025 | 16:20 |
 Emeli aň esasynda döredilen täze simsiz zarýad ulgamy has durnukly we täsirli boldy

Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetiniň alymlary emeli aňy ulanýan energiýany simsiz geçirmek boýunça öwrülişik dörediji ulgamy işläp taýýarladylar. Bu ulgam häzirki tehnologiýalaryň ýükden baglylykda ýüze çykýan dartgynlygyň üýtgemeleri we netijeliligiň ýitmegi ýaly esasy meselelerini çözýär.

Synaglaryň dowamynda emeli aň dartgynlygyň üýtgeýşini 18%-den bary-ýogy 5%-e çenli azaldyp bildi. Şeýle hem energiýanyň geçirilmeginiň netijeliligi 86,7%-e çenli ýokarlandy, bu bolsa ozalky usullardan üçden bir bölek has ýokarydyr. Munuň ýerine ýetirilmegi müňlerçe wirtual simulýasiýalarda ulgamyň işini optimizirlemäge mümkinçilik beren maşyn öwrenişiniň (machine learning) netijesidir.

Işläp taýýarlaýjylaryň pikirine görä, täze tehnologiýa elektromobilleri superzarýad stansiýalarynyň tizliginde simsiz zarýadlamagyň ýoluny açar, şeýle hem lukmançylyk implantlaryny durnukly energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Alymlaryň işi emeli aňyň diňe bir maglumatlary işlemekde däl, eýsem elektron enjamlaryny taslamak işini hem çaltlaşdyrmaga ukyplydygyny görkezýär.

ORIENT

Foto: hi-tech.mail.ru

Şeýle hem okaň: