Iň täze habarlar

Oktýabrda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

26.08.2025 | 14:02 |
 Oktýabrda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler diýip, Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar.

Maksatnamanyň çäginde sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam sungaty we halk senetleri boýunça sergiler, şeýle-de medeniýet işgärleriniň duşuşyklary geçiriler.

Jogap hökmünde 2026-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu bolsa medeni alyş-çalyşygyň ösdürilmegine we ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň giňelmegine goşmaça itergi berer.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: