Tailand daşary ýurtly syýahatçylara mugt awiabiletleri paýlar
23.08.2025 | 12:20 |Tailand sentýabr–noýabr aralygynda üç aýyň dowamynda 200 müň daşary ýurtly syýahatça mugt içerki uçar gatnawlaryny hödürlemäge taýýarlanýar diýip, Zakon.kz habar berýär.
«Halkara awiabileti satyn alyň, Tailanda mugt içerki uçar gatnawyny alyň» atly kampaniýa syýahatçylary ýurduň esasy merkezlerinden başga-da ikinji derejeli ugurlary öwrenmäge höweslendirmäge gönükdirilendir.
Ministrlik içerki uçar gatnawlarynyň çykdajylaryny tölemek üçin merkezi ätiýaçlyk gaznasyndan 700 mln tailand batyny (takmynan 21,5 mln ABŞ dollary) bölüp bermek teklibini öňe sürdi: syýahatçylaryň her birine bir uçuş üçin 1750 tailand baty (takmynan 54 ABŞ dollary) ýa-da barmak-gelmek uçuşy üçin 3500 tailand baty (takmynan 107 ABŞ dollary) berler.
Şeýlelikde, 200 müň syýahatçy üçin jemi 400 müň orun üpjün ediler. Aksiýa «Thai Airways», «Bangkok Airways», «Thai AirAsia», «Nok Air», «Thai Lion Air» we «VietJet Thailand» ýaly alty ýerli awiakompaniýa gatnaşar. Halkara gatnawlaryny awiakompaniýalaryň özünden ýa-da onlaýn-syýahatçylyk agentlikleri arkaly satyn alan syýahatçylara mugt biletler hödürlener.
«Tailanda standart halkara biletini satyn alan her bir syýahatça 20 kilogram ýük möçberi bilen içerki gatnaw boýunça barmak-gelmek mugt bilet berilýär. Her mugt bilet syýahatçylaryň şahsy syýahat meýilnamasyna laýyklykda diňe bir içerki gatnaw üçin ulanylyp bilner» - diýip, neşir ýazýar.
Bu başlangyç ýurduň ähli welaýatlaryny öz içine alýar. Ministrligiň garaşmagyna görä, maksatnama 700 mln tailand batlyk çykdajynyň hasabyna döwlet býujetine 8,8 mlrd tailand batdan (takmynan 270 mln ABŞ dollary) köp girdeji getirer. Şeýle-de bolsa, maksatnamanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylşy entek berilmedi.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Tailanda 16,8 mln-dan gowrak daşary ýurtly syýahatçy geldi, ýurt Aziýada bu görkeziji boýunça üçünji orny eýeledi.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Tailandda syýahatçylaryň kriptowalýutany tailand batyna çalşyp bilmegine mümkinçilik berjek TouristDigiPay maksatnamasynyň gizilimegi meýilleşdirilýär.