Xiaomi täze smartfonlar tapgyry bilen Apple-e garşy çykýar
16.09.2025 | 15:30 |Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, Xiaomi kompaniýasy premium smartfonlar görnüşlerinde Apple bilen göni bäsleşmäge taýýarlanýar. Şunuň üçin kompaniýa Xiaomi 16 tapgyryny goýup, şu aýyň dowamynda täze Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max hataryny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu ädim modelleriň sanlarynyň häzirki wagtda bar bolan iPhone hatary bilen gabat gelmegi üçin edilýär.
Xiaomi-nyň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Szýun, kompaniýanyň önümleriniň bazaryň baş nusgasy hasaplanýan Apple enjamalary bilen deňeşdirilmegini isleýändigini aýtdy. Kompaniýanyň prezidenti Lýu Weýbin bolsa, bu ädimiň Xiaomi tarapyndan soňky bäş ýylyň dowamynda durmuşa geçirilýän «premiumlaşdyrma» strategiýasynyň bir bölegidigini belledi.
IDC-den derňewçi Braýan Ma hem Xiaomi-nyň ynamyny tassyklaýar, onuň aýtmagyna görä, kompaniýanyň Hytaýa şu ýylyň birinji ýarymynda iberen smartfonlarynyň 10%-i 600 dollardan gymmat bolupdyr.
Xiaomi-nyň ynamy onuň täze pudakdaky üstünlikleri bilen hem berkidilýär. Kompaniýanyň elektromobil öndürmekdäki üstünlikleri onuň paýnamalarynyň çalt ösmegine sebäp boldy. Indi bolsa, Apple-iň netijede ýüz öwürmegini makul gören täze ugurda üstünlik gazanandan soň, Xiaomi amerikan kompaniýasy bilen smartfon bazarynda göni bäsleşmäge taýýar.
ORIENT