Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy

22.09.2025 | 22:55 |
 Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka bardy.

BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen çärä gatnaşmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýörelgelerine – onyň Bitaraplyga we halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar. Mejlisiň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şu gezekki sapar 2025-nji ýylyň iki möhüm senä gabat gelýär: Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy. Bu bolsa Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär. Köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä we sebit derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm kararnamalar kabul edildi.


22-nji sentýabrda, duşenbe güni Baş Assambleýanyň zalynda BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenildi. Çäre Maýkl Tilmanyň dirižorlyk etmeginde “Umyt üçin aýdym” (Sing for Hope) atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň we pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlary bilen başlady. Şeýle-de bolsa, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbogyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, “bu gün – baýramçylyk güni däl”, eýsem “taryhyň sapaklaryny ýatlamak we umyt ýoluny saýlamak üçin batyrgaýlygy tapmak üçin pursat”.

Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Guramanyň ilkinji işgärlerini ýada salmaga çagyrdy, olaryň köpüsi özlerinde “görünýän uruş ýaralaryny” göterdi. “olar adamzadyň başarýan zatlarynyň iň erbetini – adam pidalaryna getirýän lagerleriniň elhençligini, söweşleriň wagşylygyny, ýer bilen ýegsan edilen şäherleri gördüler. Şonuň üçinem olar parahatçylygyň hatyrasyna hyzmat etmegi saýladylar” – diýip, ol sözüni dowam etdi. Parahatçylyk islegi sada diýen ýalňyş düşünjäniň tersine, “olar: parahatçylyk – bu hemmeleriň iň batyrgaý, iň amaly, iň zerur islegidigini bilýärdiler”.

2021-nji ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa öz çykyşyny sanly döwürde adam hukuklarynyň we maglumatlaryň çagyryşlaryna bagyşlady. Ol 80 ýyl ozal BMG-niň Tertipnamasynyň “faşizm genosidi we dünýä urşuny aklamak üçin maglumatlary manipulirlendi, hakykaty ýok etdi we bütin halklary adamkärçiliksizleşdirdi”.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda adamzat “maglumat armageddony” başdan geçirýär, bu ýerde ýalanlar faktlardan has çalt ýaýraýar, we algoritmler bolsa “duýgudaşlygyň ýerine gahar” döretmek we “biziň aňymyzy zäherli maglumat akymy bilen dolduryp, gorky, gazap we ýigrenç” bilen goşmagaç iýmitlendirmek üçin ýok edildi. Geçirilen barlaglara görä, galp maglumatlar faktlardan alty esse çalt ýaýraýar, täze EA-iň ösmegi bilen bolsa ýagdaý hasam ýaramazlaşýar diýip, Ressa duýdurdy.

Ol üç çözgüt hödürledi: sanly ägirtleriň jezasyz galdyrylmazlygyny bes etmegi we maglumat gurşawyny goramak üçin halkara standartlaryny girizmek; garaşsyz žurnalistikanyň esasynda ynanyşmagyň alternatiw infrastrukturasyny döretmek; demokratik institutlary berkitmek we parahatçylygy gurmakda möhüm orny eýeleýän zenanlaryň tagallalaryny goldamak ýaly toplumlaýyn başlangyçlara maýa goýmak.

ORIENT

Foto: un.org

Şeýle hem okaň: