Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler

24.09.2025 | 08:20 |
 Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler

Nýu-Ýorkda BMG-niň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşygy boldy.

Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Kuweýt bilen deňhukukly dialoga uly ähmiýet berýär. Taraplar iki ýurduň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly garaýyşlarynyň meňzeşligini bellediler. Munuň özi bolsa konstruktiw hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döredýär.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we onuň baý tebigy gorlara eýe bolmagy halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär. Şeýle hem ýurtlar üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk edip biler.

Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň arasynda eksport-import mümkinçiliklerini artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň halkara başlangyçlaryna berýän goldawy üçin Kuweýt tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şunda Türkmenistanyň hem Kuweýtiň netijeli başlangyçlaryny goldamagyny dowam etdirjekdigi tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanar.

Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: