Iň täze habarlar

Türk Howa Ýollary 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi

23.09.2025 | 10:50 |
 Türk Howa Ýollary 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi

Türk Howa Ýollary (THY) 2025-nji ýylda SKYTRAX World Airline Awards-nyň netijesine görä «Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy» diýen ugurda birinji ýeri eýeledi.

Çap edilen reýtingiň maglumatlaryna görä, THY fransiýaly Air France, britaniýaly British Airways we nemes Lufthansa ýaly öňdebaryjy kompaniýalardan öňe geçdi. THY-niň baş direktory Bilal Ekşi bolsa bu waka barada sosial ulgamlarda şeýle ýazgy galdyrdy: «Biz Ýewropanyň çempionlary. Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy — Türk Howa Ýollarydyr».

1

Milli howa daşaýyjynyň üstünlikleri bilen bilelikde Türkiýäniň awiasiýa pudagyndaky ornunyň hem güýçlenendigi bellenilýär. Ýewropanyň Aerognawigasiýa Howpsuzlyk Guramasynyň (EUROCONTROL) maglumatlaryna görä, ýurt gündelik ortaça 4 200 gatnaw bilen Ýewropada howa hereketiniň möçberi boýunça altynjy orny eýeleýär.

Aýratyn ünsi Stambul Howa menzili özüne çekýär. Ol gündelik ortaça 1 624 gatnaw bilen Ýewropada iň köp gatnaw amala aşyrylýan we dünýäde bäşinji iň işjeň howa menziline öwrüldi. Mundan başga-da, Antaliýanyň Howa menzili hem yklymyň iň iri on howa menziliniň sanawyna girip, gündelik 1 024 gatnaw bilen dokuzynjy orny eýeledi.

SKYTRAX World Airline Awards baýragy her ýyl geçirilýär we raýat awiasiýasy ulgamyndaky iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. Reýtingler dünýäniň dürli künjeginden millionlarça ýolagçynyň hyzmat derejesine, rahatlyk derejesine we hyzmatyň hiline baha bermek bilen teswirleriniň esasynda düzülýär.

ORIENT

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: