Iň täze habarlar

Alymlar zäherli himiki serişdesiz altyn gazyp almagyň howpsuz usulyny işläp düzdiler

16.09.2025 | 17:00 |
 Alymlar zäherli himiki serişdesiz altyn gazyp almagyň howpsuz usulyny işläp düzdiler

Awstraliýanyň Flinders uniwersitetiniň alymlary altyny täze, ekologiýa taýdan howpsuz usul bilen çykarmagy başardylar. Bu usul gymmatbaha metaly diňe magdandan däl, eýsem elektron galyndylaryndan hem zyýanly maddalar — sianidi ýa-da simaby ulanmazdan almaga mümkinçilik berýär.

Proses, adaty ýagdaýda howuzlary arassalamak üçin ulanylýan trihlorizosianur turşusynyň ulanylmagy bilen başlanýar. Ol duzly suw bilen birleşende altyny eredýär. Soňra ergin nebit gaýtadan işlenenden alynýan elýeterli we giň ýaýran önümiň — kükürdiň esasynda taýýarlanan ýörite polimerden geçirilýär. Bu polimer altyny beýleki metallaryň arasynda-da özüne siňdirýär. Ondan soň altyn polimerden ýokary arassalyk derejesinde alynýar, polimeriň özi hem suw bilen gaýtadan ulanylyp bilner.

Adaty usullar, ýagny sianid bilen simap ulanyp altyn çykarmak tebigata we adamlaryň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Täze usul bolsa şeýle hapalanmalaryň öňüni alýar. Şeýle hem ol «şäher magdançylygy» diýlip atlandyrylýan — günsaýyn köpelýän elektron galyndylaryndan altyn çykarmaga täze mümkinçilik açýar (2022-nji ýylda olaryň mukdary 62 million tonna ýetdi). Tehnologiýa henizem giň möçberde synagdan geçirilmäge mätäç bolsa-da, ol has ygtybarly we täsirli önümçilige tarap möhüm ädim hasaplanýar.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: