Türkmenistan bilen Kuba BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde hyzmatdaşlyk barada maslahatl
23.09.2025 | 11:30 |22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýa bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine hem garap, iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Aýratyn üns saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine berildi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmek niýetlerini tassykladylar.
ORIENT