Xueba 01: Hytaýda ilkinji gezek Sahna sungaty fakultetine aspirantura kabul edilen emeli aň
23.09.2025 | 15:30 |Hytaýda tehnologiýa bilen medeniýetiň çatrygynda täsin waka bolup geçdi: Xueba 01 atly gumanoid robot dünýäde ilkinji bolup resmi taýdan aspirantura kabul edildi. Şanhaý teatr institutynyň (ŞTI) we Şanhaý politehniki uniwersitetiniň bilelikde işläp düzülen Xueba 01, Sahna Sungaty fakultetine okuwa girdi. Ol dört ýylyň dowamynda «Sanly tomaşalaryň dizaýny» atly okuw maksatnamasyny özleşdirer.
Bu uly maksatnamaly taslama Hytaýyň baý medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak prosesine emeli aňyň integrasiýasyna gönükdirilen synag bolup durýar. Robotyň okuw meýilnamasy, esasan, Hytaýyň milli operasynyň Henan, Şanhaý we Pekin ugurlary boýunça hereketleriň, maşklaryň toplumynyň hem-de ýerine ýetiriş tehnikalarynyň öwrenilmegini öz içine alýar.
Xueba 01 – 1,75 metr boýy we takmynan 32 kilogram agramy bolan gumanoid. Ol alty sagada çenli awtonom ýagdaýda işläp bilýär. Onuň gurluşy ultralighht biomimetiki sypatdaky süňk we süňk gurluşy bilen üpjün edilendir, bu bolsa ýüzden gowrak mimiki alamatlary gaýtadan görkezmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem robot daşky keşbini we boýuny üýtgedip bilýär, tomaşaçylaryň täsirlenmesine görä öz hereketlerini hakyky wagt tertibinde sazlap bilýär.
Taslamanyň ylmy ýolbaşçylaryndan biri, Li Sindu, Xueba 01-iň eýýäm opera aýdymlaryny ýerine ýetirmäge ukyplydygyny belleýär. Emma häzirki okuw döwrüniň esasy maksady — robotyň hereketleriniň has çeýe we estetik taýdan täsirli bolmagyny gazanmak üçin professional artistleriň tejribesini gaýtalamak. Geljekde bolsa ony çykyşlaryň wideo ýazgysyny özbaşdak seljermäge we ýerine ýetiriş tehnikasyny öwrenmäge öwretmek meýilleşdirilýär.
Xueba 01 taslamasynyň wezipesi diňe tehniki barlaglar bilen çäklenmeýär. ŞTI-niň rektory Huan Çanýun esasy maksadyň — milli teatr sungaty bilen emeli ańyň täze görnüşde utgaşdyrylmagyny öwrenmekdigini belleýär.
Robotyň aspirantura kabul edilmegi, sungat ulgamyna emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça giň milli maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Bu maksatnama resmi taýdan 27-nji iýulda Şanhaýda geçirilen Halkara emeli aň maslahatynda işe girizildi. Bilermenler Xueba 01-i diňe bir talyp hökmünde däl, eýsem täze okuw usullaryny, multimodal täsirleşmeleri we döredijilikli öz-özüni görkezmegiň täze ýollaryny barlamak üçin innowasion platforma hökmünde görýärler. Bu bolsa Hytaýyň milli medeniýeti bilen tehnologiýalaryň aýratyn utgaşmasyny görkezýär.
ORIENT