Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Kataryň Munisipalitet ministri bilen duşuşdy
24.09.2025 | 10:00 |2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Munisipalitet ministri Abdullah bin Hamad Al-Attiýah bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler şeýle hem Akylly şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň aýratynlyklary barada nygtady.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýan birnäçe meseleler barada maslahatlaşyldy.
ORIENT