Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ilçisi Katar Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Baş Sekretary bilen duşuşdy

24.09.2025 | 18:10 |
 Türkmenistanyň Ilçisi Katar Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Baş Sekretary bilen duşuşdy

24-nji sentýabrda senesinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Baş Sekretary Faisal Mohamed Al-Emadi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.

Mundan başgada, iki ýurduň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnamanyň çäklerinde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýan birnäçe meseleler barada maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, katar tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem, iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde utgaşykly işleri alyp barjakdygyny tassyklady.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: