Iň täze habarlar

Täze “Diwar abatlaýjy we izolirleýji materiallaryň tehnologiýasy” atly okuw gollanmasy çap edildi

24.09.2025 | 12:10 |
 Täze “Diwar abatlaýjy we izolirleýji materiallaryň tehnologiýasy” atly okuw gollanmasy çap edildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary A.Agalykowanyň, M.Atahanowanyň we B.Serdarowyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Diwar abatlaýjy we izolirleýji materiallaryň tehnologiýasy” atly okuw gollanmasy çap edildi. Okuw gollanmasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlenildi.

Okuw gollanmasy izolirleýji materiallaryň esasy häsiýetleri hem-de gurluşykda ulanylýan ýerleri baradaky maglumatlary öz içine alýar. Gollanmada esasy ýerli çig mallary ulanmak bilen önümçiligi gurnamak meselelerine seredip geçilýär.

Diwar, bejergi we izolirleýji materiallaryň tehnologiýasy dersi gelejekki inžener-gurluşykçy hünärmenlere öwredilýär. Bu dersiň ähmiýeti gurluşyk konstruksiýalaryny ykdysady taýdan seljermek we ulanmak bilen häzirki zaman gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ösen tehnologiýalaryň esasynda giňişleýin düşündirmekden ybarat bolup durýar.

Bu okuw kitaby gurluşyk materiallaryny we önümlerini öndürýän kärhanalaryň hünärmenleri üçin hem gollanma bolup biler.

ORIENT

Foto: TDBGI

Şeýle hem okaň: