Dört welaýatda täze etraplaryň häkimleri bellenildi
04.10.2025 | 05:35 |Aşgabat, 4-nji oktýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze dolandyryş-çäk birlikleri döretmek baradaky Kararyna laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow täze etraplaryň häkimlerini bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Bu çözgüt ýerlerde döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we dolandyryş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen dolandyryş özgertmeleriň jemleýji tapgyry boldy.
Wezipe üýtgeşmeleri we täze bellenişler ýurdumyzyň dört welaýatynda döredilen täze etrap häkimliklerine degişlidir.
Ahal welaýatynda:
Guwançgeldi Myradow — Altyn asyr etrabynyň häkimi.
Daşoguz welaýatynda:
Polat Atakow — Gubadag etrabynyň häkimi.
Merdan Jumamyradow — Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi.
Şageldi Saparow — Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň häkimi.
Lebap welaýatynda:
Nowruz Allagulyýew — Döwletli etrabynyň häkimi.
Guwanç Kadyrow — Garabekewül etrabynyň häkimi.
Serdar Ýumitow — Farap etrabynyň häkimi.
Mary welaýatynda:
Ýusupguly Eşşäýew — Oguzhan etrabynyň häkimi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen täze döredilen birnäçe etrabyň häkimleriniň orunbasarlary hem bellenildi.
Bu wezipä bellenmeler welaýatlarda döwlet maksatnamalarynyň doly, çalt we netijeli ýerine ýetirilişini üpjün etmäge gönükdirilendir.