Aragatnaşyk pudagynda gazanylan netijeler we durnukly ösüşiň möhüm ugurlary
31.05.2023 | 10:02 |Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ata Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanýar.
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryna iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan özgertmeler milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine ýardam berýär.
Bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň ýakyn geljek üçin kesgitlenen anyk wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artjakdygy aýdyň görünýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna uly itergi berýän aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde 2023-nji ýylyň 30-njy maýynda “Aragatnaşyk pudagynda gazanylan durnukly ösüşiň möhüm ugurlary” atly maslahat geçirildi.
Maslahata «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň şäher we welaýat edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň hem-de Köpetdag etrap salgyt bölüminiň hünärmenleri çykyşlary bilen gatnaşdylar.
Maslahatda aragatnaşyk pudagynda gazanylýan özgertmeler, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, sanly hyzmatlary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlandyrylmagy we ilatymyz üçin maglumat üpjünçiliginiň elýeterli bolmagy barada çykyşlar edildi.
Maslahatda çykyş edenler ara¬gat¬na¬şyk ul¬ga¬my¬nyň ösüşleri, ilata hödürlenýän sanly hyzmatlaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, in¬ter¬net ul¬ga¬my¬nyň göwrümi gi¬ňel¬di¬lip, in¬ter¬net aky¬my¬nyň tiz¬li¬giniň yzy¬gi¬der¬li art¬dy¬rylmagy babatynda¬ durmuşa geçirilýän ähli mümkinçilkler üçin Hor¬mat¬ly Pre¬zi¬den¬ti-mi¬ze alkyş sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Ulag we Kommunikasiýalar agentliginiň
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň merkezi edarasynyň
Işgärler we ýörite işgärler bölüminiň başlygy
Ejebaý Myradowa