Мyselves: bir gyzyň öz gorkusyny nädip ýeňendigi barada wizual hekaýa
04.06.2023 | 00:47 |Adamyň içki dünýäsi pikirlerinden, duýgularyndan, ýatlamalaryndan, arzuwlaryndan, isleglerinden, gymmatlyklaryndan, ynançlaryndan, lezzet alyşyndan we gyzyklanmalaryndan durýar. Sahnada sanly we interaktiw tehnologiýalar arkaly bu dünýäni açmak – diňe bir adaty teatra goşmaça däl-de, eýsem tomaşaçylara duýgulary ýetirmegiň täze usulydyr.
Şeýle çykyş diňe bir wizual we ses täsirlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Aşgabatda görkezilen Myselves çykyşynda tansçy Ewen Dýugeniň ýerine ýetirmeginde baş gahrymany bilen gepleşik arkaly tomaşaçylary ruhy aladalara çekýär.
Fransuz topary K. Danse tarapyndan Türkmen paýtagtyna getirilen bu çykyş, InfoMus Casa Paganini gözleg merkezi (Genuýa, Italiýa) tarapyndan ýörite işlenip düzülen sanly wizual we ses enjamynyň kömegi bilen psihologiki ýitiligi hem-de tehnologiki täzelikleri bilen tomaşaçylary özüne çekdi..
Spektaklyň başynda gahryman hereketsiz ýagdaýda peýda boldy. Haçan-da ekranda dargap we birleşip ak uçgunlar peýda bolup başlanda, olar, tomaşaçylary keşbiň öz meseleleri we gorkulary bilen göreşine sokup, hamana bu statiki keşbi janlandyrýan ýalydy.
Bu çykyş, tansçy bilen hereketlere we sese duýgurlygy bolan sanly enjamyň arasyndaky gepleşik boldy. Gahryman şahsyýetiň dürli taraplarynda ýüze çykýar: bigünä gyzdan agressiw aýala çenli. Tomaşaçylar öz şübhelerini ýeňip geçmegi başaran gahrymanyň özüni tanamak we öz-özüni ýok etmek, täzeden dogulmagy we özüni azat etmek işine şaýat bolýarlar.
Myselves spektakly diňe bir horeografiki çykyş bolman, eýsem adam tebigaty, şahsyýetiň çylşyrymlylygy we köp taraplylygy, häzirki dünýäde «özüni» gözlemek barada filosofiki oýlanmadyr.
Spektakl tomaşaçylarda bilesigelijilikden we geň galmakdan gorky we duýgudaşlyga çenli dürli duýgulary döredýär, olary özleri, saýlamalary we netijeleri hakda pikirlenmäge mejbur edýär. Sahnada sanly we interaktiw tehnologiýalary ulanmak bilen teatrlaşdyrylan çykyş, aktýorlaryň we režissýorlaryň çeper zehinini ösen tehnologiki çözgütler bilen birleşdirmek arkaly gazanylýan täze duýgy derejesidir. Ol haýran galdyrýar, tolgundyrýar we ylham berýär.
– Bu taslama, sanly suratkeş, wizual we sanly enjamyň awtory Antuan Şmidiň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir diýip, bu çykyşyň horeografy Žan-Mark Mato ORIENT-iň habarçysyna aýtdy. – Biz häzirki zaman tehnologiýasy bilen adamyň arasynda nähili işleýändigini görkezip, gatnaşyk döretmek isledik. Biz muny başarandyrys diýip umyt edýaris. Biz tansçynyň hekaýanyň çylşyrymlylygyny ýaşap, hemişe ýagtylyga barýan adamyň içki dünýäsiniň köp taraplylygyny görkezip biler ýaly her ädimi gowy işläp düzdük.
Artur PETROSÝANS