Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary Hytaýda guraljak sergide görkeziler
31.08.2023 | 21:05 |6-7-snji sentýabrda Hytaýyň Gansu sebitiniň Dunhuan şäherinde "Ýüpek ýoly" halkara medeni sergisi geçiriler. Onda Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklary hem görkeziler.
Hytaýda guraljak medeni sergide ýurdumyzyň iki muzeýiniň - Döwlet muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary görkeziler. Bu muzýleriň gymmatlyklary Nýu-Ýork şäherindäki "Metropoliten" muzeýinde, Germaniýada we beýleki ýewropa ýurtlarynda guralan sergilerde hem görkezilipdi.
Hytaýda guraljak sergä gitjek wekiliýete Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew ýolbaşçylyk eder. Serginiň hormatly myhmanlary hökmünde türkmen wekiliýeti medeni, şekillendiriş we medeni-syýahatçylyk önümleriniň sergisine gatnaşarlar.
Sergini guraýjylaryň mälim etmegine görä, oňa Hytaýdan we daşary ýurtlardan 1200 töweregi wekiliň gelmegine garaşylýar. Onuň çäklerinde maslahatlar, tanyşdyryş dabaralary, dürli görkezişler we ýarmarkalar guralar.
ORIENT news