Iň täze habarlar

Türkmen suratkeşleri Wengriýada türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň sergisine gatnaşýarlar

01.09.2023 | 20:37 |
 Türkmen suratkeşleri Wengriýada türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň sergisine gatnaşýarlar

2-nji sentýabrda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde “Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy” taslamasynyň çäginde Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açylar. Bu barada Budapeştde geçirilen Wengriýanyň Milli mejlisinde metbugat ýygnagynda TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Soltan Raýew habar berdi, diýip, guramanyň saýty ýazýar.

“Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy” 25-nji awgustdan 3-nji sentýabr aralygynda Wengriýada geçirilp, ol meşhur wengriýaly şahyr Şandor Petöfiniň dünýä inmeginiň 200 ýyllygyna bagyşlanýar. Döredijilik çäresini gurnaýjylar TÜRKSOÝ halkara guramasy we Wengriýanyň Lakitelek gaznasydyr.

Bu çärä Türki döwletlerinden tanymal 11 suratkeş gatnaşýar. Bu duşuşykda Türkmenistandan iki suratkeş, Suratkeşler bileleşiginiň agzalary - Abdylla Mammetberdiýew we ýurduň Işanguly Işangulyýew dagylar wekilçilik edýär. Ussat suratkeşler beýleki nakgaşlar bilen bilelikde Lakitelek döredijilik lagerinde surat çekdiler. Eserleriň sýužeti Şandor Petöfiniň goşgularynyň manysyna esaslanýar.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşigi

Şeýle hem okaň: