Türkmenistan we ÝUNESKO bilelikdäki çäreleriň meýilnamalaryny beýan etdiler
06.09.2023 | 22:54 |Sişenbe güni Parižde Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky gatnaşyklar we onuň geljegi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Szin Sýuýyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO-a girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe bilelikdäki çäreleri geçirmek meýilnamalaryny beýan etdiler.
“2021-nji ýylda gol çekilen Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň, şeýle hem Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda Ynam gaznasyny döretmek hakynda 2015-nji ýyldaky Çarçuwaly ylalaşygyň ähmiýeti barada nygtaldy"-diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ylym we bilim ugurlarynda we milli medeni mirasy ýaýratmak ugrundaky gatnaşyklary giňeltmek isleýändiklerini tassykladylar.
ORIENT news