BRICS+ ýurtlarynda daşary ýurtlylar üçin rus dilini öwrenmek boýunça ýörite tele taslamasy döredildi
28.03.2025 | 10:07 |Halkara TV BRICS tory BRICS+ ýurtlarynda daşary ýurtlylar üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze bilim tele taslamasyny döretdi.
“Tanýa Sýomke bilen rus dili dersleri” diýlip atlandyrylýan bu taslama TV BRICS-yň daşary ýurtlarda rus dilini we medeniýetini ýaýbaňlandyrmak boýunça strategiki işiniň bir bölegidir. Taslamanyň şygary – “Rus dili medeniýetleri ýakynlaşdyrýar”. Munuň özi halklaryň arasynda medeni alyş-çalyş we özara düşünişmekleri üçin gural hökmünde diliň möhüm ornuny açyp görkezýär.
“Tanýa Sýomke bilen rus dili dersleri” atly gepleşik 2025-nji ýylyň 25-nji martynda başlap, ol hepdede iki gezek görkezilýär. Gepleşik 99 bölümden ybarat bolup, olaryň her biri, takmynan, dört minutlap dowam edýär.
Gyzykly we düşnükli görnüşde berilýän dersler daşary ýurtlylara grammatikanyň esaslaryny özleşdirmäge, rus dilinde okamaga we gündelik gatnaşyk üçin söz baýlygyny artdyrmaga ýardam berýär. Gepleşigi döretmek baradaky başlangyjy öňe süren we ony alyp baryjy bolup, rus dili daşary ýurt dili hökmündäki okuw maksatnamalaryň awtory, mugallym Tanýa Sýomkedir.
Gepleşik TV BRICS teleýaýlymynyň iňlis dilindäki ýaýlymynda, şeýle hem media toruň maglumat portalynyň degişli dil wersiýalarynda sişenbe we penşenbe günlerinde görkeziler. Dersler BRICS+ we Global Günorta ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilmek üçin elýeterli bolar.
ORIENT news