TDHÇMB-da söwdalaşyklar: az kükürtli ýakyş mazudy we nah ýüplügi ýerlenildi
29.03.2025 | 09:02 |28-nji martda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümleri ýerlenildi.
BAE-niñ we Maltanyñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen az kükürtli ýakyş mazudy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gyrgyzystanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri türkmen telekeçilerinden nah ýüplügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 10 052 340 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaly kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news