Bütindünýä Expo 2025 sergisi üç günlük synag işine başlady
05.04.2025 | 11:00 |Anna güni şu ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýada açyljak Bütindünýä Expo 2025 sergisi özüniň üç günlük synag işine başlady.
Guramaçylar çäräniň köpçülik üçin resmi açylşyna çenli islendik kemçilikleri aradan aýyrmak isleýärler.
Synag çärä 90 müňe golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar käbir pawilýonlar bilen tanyşyp bilerler. Penşenbe güni ýagdaýa görä, serginiň aýratynlygy boljak A synpynyň 22 sany pawilýony guramaçylar tarapyndan gutarnykly ýagdaýda taýyn diýlip tassyklanyldy.
Ýaponiýa Bütindünýä sergisini eýýäm üçünji gezek kabul edýär. Ozal çäreler 1970-nji ýylda Osaka prefekturasynda hem-de 2005-nji ýylda Merkezi Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda geçirildi.
ORIENT news