Iň täze habarlar

Ngozi Okonjo-Iweala Türkmenistanyň BSG-e goşulmak ugrundaky tagallaryna ýokary baha berdi

09.04.2025 | 21:20 |
 Ngozi Okonjo-Iweala Türkmenistanyň BSG-e goşulmak ugrundaky tagallaryna ýokary baha berdi

9-njy aprelde Ženewa saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Taraplar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

переговоры делегации Туркменистана с ВТО в Женеве 9 апреля 2025.jpg

BSG-nyň Baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän tagallalaryna we BSG-e goşulmak bilen baglanyşykly meselelerde görkezilen ussatlyga ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna – Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.

Duşuşyk Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmagy ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga özara taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: