Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň daşary işler ministrleriniň sekizinji duşuşygy Almaty şäherinde geçiriler
09.04.2025 | 18:00 |Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orta Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylarynyň sekizinji duşuşygyna gatnaşar. Bu duşuşyk 11-nji aprelde Almaty şäherinde geçiriler. Bu barada vedomosti.ru neşiri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň brifingde eden çykyşyna salgylanyp habar berýär. Onuň sözlerine görä, çäräniň dowamynda altytaraplaýyn görnüşde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iň wajyp meseleleri boýunça giň gerimli pikir alyşmalar geçiriler. “Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen esasy halkara meseleler boýunça pikir alyşmak meýilleşdirilýär”- diýip, Zaharowa belledi.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi 7-nji aprelde Moskwada Sergeý Lawrow bilen Russiýada akkreditirlenen birnäçe Ýewraziýa döwletleriniň diplomatik wekillikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygyň bolup geçendigini hem mälim etdi. Russiýanyň daşary işler ministri giriş sözünde Ýewraziýanyň dürli künjeklerinde howpsuzlyk ýagdaýy boýunça esasly seljerme berdi. Ol ýewroatlantik howpsuzlyk konsepsiýasynyň çökgünlik ýagdaýynda bolandygyny, NATO döwletleriniň Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki durnuksyzlygy güýçlendirmäge gönükdirilen howply hereketlerine, Ýakyn Gündogardaky barha dartgynly ýagdaýa, Günorta Kawkazda we Orta Aziýada durnuklylyk üçin howplara ünsi çekdi.
Gepleşikleriň dowamynda ýewraziýa giňişliginde durnuklylygyň üpjün edilmeginiň, howpsuzlygyň bölünmezligi prinsipiniň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň we ýewraziýa meselelerini çözmekde ýerli döwletleriň esasy jogapkärçiligi öz üstüne almagynyň zerurdygy nygtaldy. Minskde her ýyl geçirilýän halkara maslahatynyň Ýewraziýanyň howpsuzlygy boýunça çuňňur pikir alyşmak üçin möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Ministr Belarus Respublikasynyň öňe süren we Russiýa Federasiýasy tarapyndan goldanylan “XXI asyrda dürlülik we köpugurlylyk boýunça Ýewraziýa hartiýasy” atly başlangyja ünsi çekdi. Bu resminamada kontinental howpsuzlyk arhitekturasynyň çäkli ölçegleri beýan edilip bilner.
ORIENT news