Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär

10.05.2025 | 09:00 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy guramalara «Jañlar merkezi» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýuridiki şahslara «Jañlar merkezi» (Call-center) hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär. Bu hyzmat kompaniýalaryň, guramalaryň, şeýle hem kiçi we orta telekeçileriň müşderilerinden gelen ýüzlenmeleri gaýtadan işlemäge we maglumat bermegi üpjün etmäge niýetlenendir.

Hyzmat bir wagtda bir telefon belgisine birnäçe gelen jaňy kabul etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa aragatnaşyk ugrunda islendik wagtda elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Bu aýratynlyk giň müşderi binýady bolan guramalar üçin örän möhüm bolup, hemişelik ikitaraplaýyn gatnaşygy saklamaga mümkinçilik döredýär.

«Jañlar merkezine» birikdirme şertnama baglaşylandan soň amala aşyrylýar. Bu esasy aragatnaşyk ugurlarynyñ ýeňilleşdirilmegine hem-de hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Müşderiler zerur maglumatlary tiz we amatly wagtda alyp bilýärler, bu bolsa kompaniýa bolan ynamyň artmagyna kömek edýär.

Hyzmatyň mümkinçiliklerine şular girýär:

awtomatiki sesli garşylama;

interaktiw ses ulgamy (IVR);

jaňlaryň degişli bölümlere ýa-da işgärlere ugradylyşy;

ähli gepleşikleriň ýazgy edilmegi.

Giňişleýin maglumatlary 071 telefon belgisi boýunça ýa-da «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi sahypasynda https://telecom.tm/tm/call-center/ alyp bilersiňiz.

ORIENT

Foto: telecom.tm

Şeýle hem okaň: