Ilkinji gezek: Starship uçuşy 4K görnüşinde doly gözelligi bilen görkeziler
10.05.2025 | 18:30 |SpaceX kompaniýasy özüniñ birnäçe gezek ulanylýan raketa ulgamynyň täze synag uçuşyna taýýarlanýar. Maý aýynyň üçünji ongünlügine meýilleşdirilen bu uçuş synaglaryň arasynda dokuzynjysy bolar we ilkinji gezek ýokary anyklykdaky 4K görnüşinde göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada SpaceX-iň başlygy Ilon Mask habar berdi.
Bu gezekki uçuşda Ship 35 we Super Heavy 14 prototiplary ulanylar. Mundan ozalky sekiz uçuş inženerlere esasy tehnologiýalary – şol sanda Mechazilla ulgamynyň kömegi bilen Super Heavy raketasynyň üstünlikli gondurylmagyny – işläp düzmäge mümkinçilik berdi. Starship öňki synaglarda iki gezek kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy (wibrasiýalar we ýangyç syzmalary), emma bu gezekki 4K görnüşindäki göni ýaýlym tomaşaçylara deňi-taýy bolmadyk jikme-jiklik derejesini wada edýär.
2025-nji ýylyň maý aýynda X platformasynda 4K wideo mümkinçiligiñ ornaşdyrylmagy, YouTube we TikTok bilen bäsleşigi güýçlendirmek we wideo mazmunlaryny ösdürmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde, älem hadysalarynyň ýokary hilli göni ýaýlymyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
ORIENT