Huawei HarmonyOS operasion ulgamynyň ekoulgamyny giňeldýär
09.05.2025 | 19:20 |Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei geçen penşenbe güni özüniň HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän ilkinji şahsy kompýuterleriniň /ŞK/ hataryny 19-njy maýda hödürlejekdigini yglan etdi. Bu çäre HarmonyOS ekoulgamynyň ep-esli giňeldilmeginiň alamatydyr. Bu ulgam eýýäm smartfonlary we planşetleri birleşdirýär we olaryň işini üpjün edýär. Ýurduň ilata niýetlenen ilkinji içerki operasion ulgamy bilen enjamlaşdyrylan kompýuterleri bazara çykarmak arkaly Huawei kompaniýasy şahsy kompýuter bazarynda uzak wagt bäri hökmürowanlyk edýän Microsoft Windows we Apple macOS ulgamlaryna garşy çynlakaý bäsdeşlik etmegi maksat edinýär diýip, “Sinhua” habar berýär.
HarmonyOS ulgamynda işleýän Huawei kompýuterleri 1 000-den gowrak daşarky enjam bilen utgaşykly işleýşi üpjün edýär. Şu günki gün bu kompýuterler üçin ýöriteleşdirilen 150-den gowrak programmalary bar hem-de ekoulgamyñ çäginde işläp bilýän 300-den gowrak goşundy bilen utgaşyklydyr. Huawei tarapyndan bellenilişi ýaly, täze kompýuterler bu brendiň enjamlarynyň arasynda bökdençsiz gatnaşyk mümkinçiligini üpjün edýär: ulanyjylar telefonlarynyň, planşetleriniň we kompýuterleriniň ekranlaryny dolandyryp, olaryň arasynda klawiatura we syçan kömegi bilen geçip bilerler.
Şeýle hem, HarmonyOS ulgamy öz içine berk howpsuzlyk serişdelerini alýar: şol sanda şifrleme üçin ýörite howpsuzlyk çipi, ygtybarly elýeterlilik we şifrlenen maglumatlaryň alyş-çalyşygy üçin gurallar girizilendir. Ilkibada 2019-njy ýylyň awgustynda işe girizilen HarmonyOS (hytaýça — Hunmen) dürli enjamlar we ulanyş senariýalary üçin niýetlenen açyk çeşmeli operasion ulgamdyr. Ol akylly ekranlary, planşetleri, geýilýän enjamlary we ulaglary öz içine alýar. Bilermenleriň pikirine görä, Huawei häzirki wagtda ulanyjylary özüne çekmek üçin has kän tagalla etmeli bolar, sebäbi häzirki bazarda Windows we macOS ulgamlary has kämil we baý goşundy ekoulgamy bilen tapawutlanýar.