Iň täze habarlar

RustDesk 1.4.0: Açyk taslamanyñ ösüşinde täze tapgyr

11.05.2025 | 14:44 |
 RustDesk 1.4.0: Açyk taslamanyñ ösüşinde täze tapgyr

Düýn, 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda, köp platformaly we açyk çeşmeli RustDesk taslamanyñ 1.4.0 görnüşiniñ deslapky tanyşdyrylyşy geçirildi. RustDesk uzak aralykdan iş stoluny dolandyrmak üçin amatly çözgüt bolup, TeamViewer programmasynyñ alternatiw görnüşi hökmünde işlenip düzüldi. Ol aýratynlykda ýerleşdirmegi (self-hosting) saýlaýan ulanyjylar üçin niýetlenendir.

Täze RustDesk 1.4.0 görnüşi dürli operasion ulgamlara niýetlenen taýýar ýygyndylary hödürleýär: Windows, Linux, macOS ýaly stasionar ulgamlar, şeýle hem iOS we Android ýaly ykjam enjamlara. Mundan başga-da, web-müşderi ýaly wezipeleýin görnüşi hem elýeterli bolup, ulanyjynyň mümkinçiligini has-da giňeldýär.

Doly gözegçiligi isleýänler üçin RustDesk öz sinhronizasiýa serwerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Serweri gurnamak mümkin boldugyça ýönekeýleşdirilen we Docker, Windows üçin PM2 ýa-da NSSM, Synology DSM 7.2 we DSM 6 ulgam saklaýjylarynda, şeýle hem Ubuntu Server arkaly (göni ýa-da Docker arkaly) amala aşyrylyp bilýär.

RustDesk 1.4.0 görnüşinde aşakdaky möhüm üýtgetmeler we täze mümkinçilikler ornaşdyryldy:

  • Uzakdan dolandyrylýan enjamda ekran gulply bolan ýagdaýynda paroly girizmek mümkinçiligi döredildi.

  • Uzak iş stolunyň şekilini almak (skrinşot) üçin amatly funksiýa girizildi.

  • Gollanmanyñ pro-görnüşinde enjam ID hökmünde host adyny ulanmak mümkinçiligi döredildi.

  • Windows ulgamynda awtomatiki täzelenme ornaşdyryldy. Windows we macOS ulanyjylary üçin el bilen täzelenme hem elýeterli.

  • Ähli işlenilýän platformalarda web-soketler mümkinçiligi üpjün edilip, birikmäniň durnuklylygy we öndürijiligi ýokarlandyryldy.

  • Uzakdan dolandyrylanda trackpad-iň tizligini sazlamak üçin täze wezipe goşuldy.

  • Ulgamlaýyn proksi bilen işlemek üçin reqwest kitaphanasyndan garaşlylyk aýryldy.

  • SOCKS5 proksi sazlamasynda diňe TCP protokoly ulanylýar, bu bolsa köp ulanyjynyñ UDP bilen baglanyşykly kynçylyklaryny aradan aýyrýar.

  • Ulgamyñ tray-menýusyndaky “Çykmak” wezipesi “Hyzmaty duruzmak” diýip üýtgedildi, bu bolsa düşnüksizlikleriň öňüni alýar.

RustDesk 1.4.0-nyň bu deslapky tanyşdyrylyşy taslamanyñ işjeň ösýändigini görkezýär. Maksat — ulanyjylar üçin amatlylygy artdyrmak, mümkinçilikleri giňeltmek we uzak aralykdan dolandyryş üçin has çeýe çözgütleri hödürlemekdir.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: