Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügine we ýol bitumyna isleg bildirildi

13.05.2025 | 11:15 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nah ýüplügine we ýol bitumyna isleg bildirildi

12-nji maýda, duşenbe güni Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümleri ýerlenildi.

Türkiýäniñ telekeçileri Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri "Türkmennebit" Döwlet konserninden "BND 60/90" kysymly ýol bitumyny satyn aldylar. Dokma senagaty ministrliginden olar nah ýuplügini we agardylmadyk matany satyn aldylar. Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 7 047 700,00 manada we 139 920,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.

ORIENT

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: