Iň täze habarlar

Astana International Forum: söwda – strategiki täsir etmegiň guraly hökmünde

13.05.2025 | 21:45 |
 Astana International Forum: söwda – strategiki täsir etmegiň guraly hökmünde

Astana International Forum halkara forumy 2025-nji ýylyň 29-30-njy maýy aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda geçiriler. Sebitiň iri işewürlik çäresi dünýä liderlerini, bilermenlerini, maýadarlaryny we işewürligiň wekillerini birleşdirer. Forumyň maksatnamasy häzirki zamanyň möhüm çagyryşlaryny şöhlelendirýär, umumy mejlisi we 25 maslahatlaşma meýdançalary öz içine alýar. Bütin dünýänden 600-e golaý daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda öňdebaryjy syýasatçylar, halkara guramalaryň, korporasiýalaryň ýolbaşçylary, maýadarlar we ylmy toparlaryň wekilleri hem bar.

Forumyň esasy temalarynyň biri barha artýan geosyýasy dartgynlyk şertlerinde dünýä söwdasynyň transformasiýasy bolar. Dünýäde bolup geçýän wakalar, şu günki gün söwda syýasaty ykdysadyýetiň çäklerinden çykyp, strategiki täsir etmegiň möhüm guralyna öwrülýändigini görkezýär. AIF 2025 forumyň öňüsyrasynda BeigeNews.kz saýtynyň habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde QazTrade-yň baş direktorynyň orunbasary Nurlan Kulbatyrow sanksiýalar, nyrhlar, eksport gözegçiligi, maýa goýum çäklendirmeleri – bularyň ählisi bazar düzgünleşdirmäniň ýönekeý gurallary däl, eýsem, olar milli howpsuzlygy üpjün etmek bilen gönüden-göni bagly basyş gurallary bolup durýandygy barada belledi.

Ol barha ösýän durnuksyzlygyň şertlerinde öňdebaryjy halkara guramalaryň howp döredýän tendesiýalary hasaba alýandyklary barada aýtdy. Bütindünýä söwda guramasy 2025-nji ýylda global söwda dolanyşygynyň 0,2 % peseljekdigine garaşýar. Bu bolsa söwda böwetlerini girizmezden, mümkin bolan derejeden 3 % pesdir. Halkara söwda merkezi ABŞ-nyň girizen paçlaryň we jogap çäreleriň netijesinde dünýä söwdasynyň eksport mümkinçiliginiň 523 mlrd dollar möçberinde ýitgi çekjekdigini çaklaýar.

Täze çagyryşlaryň şertlerinde Gazagystan synçy däl, global söwda işiniň doly oýunçysydyr. QazTrade-yň baş direktorynyň orunbasarynyň bervqn maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda respublikanyň daşary söwda dolanyşygy 141,4 mlrd $ barabar bolup, dünýäniň 194 ýurtlary bilen gatnaşyklary öz içine aldy. Gazagystan üçin esasy hyzmatdaşlar Ýewropa Bileleşigi, Hytaý we Russiýa bolup durýar. Olaryň paýyna tutuş söwda dolanyşygyň 75 % düşýär. Munuň bilen birlikde, Gazagystan sebit integrasiýasyna hem ünsüni güýçlendirýär – Merkezi Aziýanyň çäklerinde söwda möçberlerini artdyrýar we Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürýär. Bilermeniň aýtmagyna görä, şeýle ugur geosyýasy howplary azaltmaga hem-de çeýeligi saklamaga mümkinçilik berýän köptaraply strategiýa laýyk gelýär.

Astanadaky Halkara forumynda maslahatlaşmalaryň aýratyn bölümi global serişde diplomatiýasynyň meselesi bolar. Gazagystan örän möhüm materiallar bolan litiý, nikel, seýrek duş gelýän ýer metallary ýaly serişdeleriň baý binýadyna eýedir. Olar bolsa “ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm elementleridir. Kulbatyrowyň aýtmagyna görä, 2040-njy ýylda litiý metalyna bolan isleg 16 esse, nikele – 9,5 esse, seýrek duş gelýän ýer metallaryna bolsa – 5,4 esse artyp biler. Bu bolsa Gazagystan üçin diňe bir çig-mal üpjün ediji hökmünde däl, eýsem, goşulan nyrhyň global zynjyrynda, şol sanda metallary gaýtadan işlemekde we olaryň tehnologiki ulanyşynda möhüm gatnaşyjy hökmünde mümkinçilik açyp berýär. Ýurt eýýäm degişli infrastrukturany döretmek babatda iş alyp barýar: geologiýa barlaglaryny giňeldýär, maýa goýumlary çekýär, gazyp alýan pudaga sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar. Surat: qazazgreen.com

Foto: qazaqgreen.com

Şeýle hem okaň: