Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

14.05.2025 | 15:10 |
 Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezow Jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy.

Hususan-da, taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlamagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat - Gandagar ugurlaryny jikme-jik öwrenmek we taslamasyny düzmek, şeýle hem Turgundy portundan täjirçilik ugurly ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen bu ýollaryň gurluşygy we demir ýol taslamalaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada 13-nji maýda “Bahtar” habarlar agentligi Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Ministriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Owganystandaky köp sanly demirýol taslamalarynda gözleg we taslama işleri alnyp barylýar hem-de bu pudaga maýa goýup biljek ýerli we daşary ýurt maýadarlaryna gowy maýa goýum şertleri döredilýär.

turkmenistan-afganistan-infrastructure-projects.jpg

Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan infrastruktura taslamalarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy we Turgundy – Hyrat demir ýoly Owganystan üçin möhüm üstaşyr ýoly hökmünde häsiýetlendirildi.

ORIENT

Foto: Bakhtar news

Şeýle hem okaň: