Aşgabatda “Petronas” we “ADNOC” bilen täze nebitgaz şertnamalary baglaşyldy
15.05.2025 | 12:45 |Aşgabat, 14-nji maý | ORIENT. Içerki ýangyç we energiýa toplumynyň we ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara derejeli duşuşygyň çäginde Türkmenistandaky Toplum I gaz kondensat känlerini üçin önümi paýlaşmak hakynda täze şertnamasyna, şeýle hem gaz üpjünçiligi baradaky uzak möhletleýin şertnama gol çekildi. Bu resminamalara Abu-Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) maýa goýum bölümi bolan Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy, “XRG” kompaniýasy, “Hazarnebit” döwlet kärhanasynyň hem-de “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konserninleriniň arasynda gol çekildi. Bu duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy çärä aýratyn ähmiýet berdi.
PETRONAS-yň metbugat beýanatynda habar berilişi ýaly, Toplum I üçin täze ÝGN (şertnama Hazar deňzinde ýerleşýär) şertlerine laýyklykda, PETRONAS 57% paý bilen operator hökmünde çykyş eder. XRG (38% paý) bilen hyzmatdaşlykda, galan 5%-ine eýeçilik edýän “Hazarnebit” döwlet kärhanasy bilen işleşerler.
Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gönüden-göni gaz üpjünçiligi barada uzak möhletleýin şertnama gol çekildi.
“PETRONAS”-nyň beýanynda, häzirki wagtda Toplum I günde takmynan 400 million kub fut möçberinde tebigy gazyň çykarylýandygy we 7 trillion kub metrden gowrak tebigy gaz baýlyklaryna eýe bolmak, şeýle hem önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin geljekki mümkinçilikleri hödürlemek bilen uzak möhletli gelejegiň bardygy bellenilýär.
Ylalaşyklar Türkmenistanyň energiýa üpjünçiliginiň durnuklylygyny üpjün etmek we eksporty diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalaryny goldamak üçin niýetlenendir, şol bir wagtyň özünde sebit we ählumumy dereje tebigy gaza bolan isleginiň artmagy bilen ähli taraplar üçin durnukly ösüşi we ykdysady gymmaty döretmäge ýardam eder.
“PETRONAS” kompaniýasynyň Gözleg we önümçilik boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahabyň belleýşi ýaly, resminamalara gol çekişilmegi, kompaniýanyň Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Bu ýerde “PETRONAS” eýýäm 30 ýyldan gowrak wagt bäri ilkinji halkara operatory bolmagynda galýar. Ol kompaniýanyň ýurduň energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak isleýändigini mälim etdi.
“XRG”, “International Gas”-niň ýolbaşçysy Mohamed Al-Arýani bu şertnamanyň BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak esasynda “XRG”-iň ählumumy ösüş strategiýasynda möhüm tapgyrdygyny belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, bu hyzmatdaşlyk “XRG”-niň Hazar deňziniň sebitindäki gatnaşygyny güýçlendirýär, serişdeler binýadyny giňeldýär we kompanilaryň arassa energiýa bilen üpjün ediji bolmak, energiýa howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi öňe sürmek islegini görkezýär.
TDH habaryna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi bellendi. Ynanyşmak we özara bähbitlik esasynda iri kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalara esaslanyp pudagy ösdürmek üçin ösen tehnologiýalary, innowasion usullaryny we dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmegiň mümkinçiligine üns çekdi.