“Geljegiň mediasy şu günde: kontent we tehnologiýalar” – “KazanForum” maslahatlaşmalarynyň temasy
15.05.2025 | 11:25 |15-nji maýda “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVI Halkara ykdysady forumynyň baş meýdançasynda geçiriljek “Geljegiň mediasy şu günde: kontent we tehnologiýalar” atly media bölümçäniň gatnaşyjylary häzirki zaman media ulgamynyň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Çäräniň guramaçylary bolup “Tatmedia” Respublikanyň çap we köpçülikleýin kommunikasiýa baradaky agentligi bilen bilelikde “Russiýa – Yslam dünýäsi” strategiki garaýyş topary bolup çykyş edýär.
Çäräniň dowamynda federal we halkara media ulgamynyň wekilleri kontenti öndürmäge we ony ýaýratamaga täsir edýän iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň tejribesi we pikirleri bilen paýlaşarlar. Aýratyn üns köpçülik bilen media kontenti öndürijileriň arasynda täze kommunikasiýa formatlarynyň emele gelmegine ýardam edýän emeli aňyň, wirtual we doldurylan hakykatyň, blokçeýniň we sanly platformalaryň ulanylşy ýaly döwrebap tendensiýalara berler. Maslahatlaşmalar tehnologiki öňegidşlikleriň kontentiň hiline we elýeterliligine täsir edişi, adaty media formatlaryň bazaryň täze şertlerine uýgunlaşmagy hem-de innowasiýalary üstünlikli ulanmagyň tejribesi ýaly meselelere ünsüni jemlär.
Görkeziş çykyşlary bilen Saud Arabystanyň, Müsüriň, Malaýziýanyň we Eýranyň öňdebaryjy media pudagynyň wekilleri çykyş eder. Şeýle-de çykyş edýänleriň arasynda “Gazprom-Media Holding”, “RIS-Interfaks”, “Groznyý”, “Argumenty i fakty” neşir öýüniň ýolbaşçylary we ýolbaşçylaryň orunbasarlary bar. Çäräniň çäklerinde “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” Halkara ykdysady forumynyň temasyny işjeň şöhlelendirmegi üçin ilkinji gezek baýragyň gowşurylyşy geçiriler.
ORIENT