Iň täze habarlar

GM we LG kobaltsyz batareýalary 2028-nji ýyla çenli 640 km aralyk geçmegi üpjün eder

16.05.2025 | 11:30 |
 GM we LG kobaltsyz batareýalary 2028-nji ýyla çenli 640 km aralyk geçmegi üpjün eder

General Motors (GM) bilen LG Energy Solution kompaniýalary akkumulýator tehnologiýasynda öňe gidişlik gazanyp, täze nesil litiý-marganes (LMR) batareýalaryny işläp düzmek üçin güýçlerini birleşdirdiler. GM elektrik ulaglarynda – şol sanda ýük awtoulaglarynda we kyn ýollardan geçmäge başarýan ulaglarda (wnedirožnikler) – ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän bu akkumulýatorlar bir gezekki zarýadda 640 kilometre çenli ýol geçmegi üpjün eder. LMR-tehnologiýasynyň esasy artykmaçlygy – katodda gymmat we ahlak taýdan jedelli kobalt elementiniň ornuna has elýeterli we giňden ýaýran marganesi ulanmakdyr. Bu ädim, elektrik ulaglaryň bahasynyň 30-40%-ini düzýän akkumulýator önümçiliginiň özüne düşýän bahasyny peseldip, elektrik ulaglary giň sarp edijiler üçin has elýeterli eder.

Täze LMR-batareýalaryň seriýa önümçiligi 2028-nji ýylda ABŞ-da başlar we GM-niň bu tehnologiýany köpçülikleýin ulanmakda Ford ýaly bäsdeşlerinden öňe geçmegine mümkinçilik berer. Silindr görnüşli öýjükleriñ ýerine prizmatik elementleriň ulanylmagy energiýa dykyzlygyny ýokarlandyrýar we ýygnama prosesini ýönekeýleşdirýär, bu bolsa ýol aralygynyň artmagyna gönüden-göni täsir edýär. Täze batareýalaryň energiýa üpjünçiligi boýunça häzirki wagtda Chevrolet we Cadillac modellerinde ulanylýan ýokary-nikelli çözgütlerden (480-515 km) öňe geçmegine garaşylýar. Önümçilik bilen GM bilen LG-niň bilelikdäki kärhanasy – Ultium Cells – meşgullanar. Häzirki wagtda kompaniýanyň eýýäm 300 sany LMR-prototipi bar we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli synag önümçilik görnüşleri işe giriziljek. Tehnologiýanyň soňky synaglary we kämilleşdirilmegi GM-niň Miçigandaky täze gözleg merkezinde we LG-niň kuwwatlyklarynda amala aşyrylar. Tehniki artykmaçlyklardan başga-da, bu taslamanyň möhüm tarapy – üpjünçilik zynjyrlarynyň çäklendirilmegidir, bu bolsa ABŞ-nyň elektrik ulaglar üçin möhüm böleklerde Hytaýdan garaşlylygyny azaltmak islegine doly laýyk gelýär.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: