Iň täze habarlar

Orta hünär okuw mekdepler üçin okuw materiallaryñ taýýarlanylşy

18.05.2025 | 15:30 |
 Orta hünär okuw mekdepler üçin okuw materiallaryñ taýýarlanylşy

Hil taýdan bilim bermegi üpjün etmek, wagtynda we oýlanyşykly taýýarlanan okuw edebiýatsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Bilim beriş işiniň möhüm sütüni bolup durýan okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak işi mugallymlardan hem-de usulyýetçilerden ähli okuw basgançaklarynda ulgamlaýyn çemeleşme talap edilýär.

2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda, 16-njy maýda Arkadag, Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň okuw-usulyýet geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde esasy ara alnyp maslahatlaşylan tema 2024-nji ýylyň 20-nji martynda bilim ministriniň 98 belgili buýrugy bilen tassyklanan okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmegiň nobatlaýyn tertibi baradaky düzgünnama boldy. Aşgabadyň Indira Gandi adyndaky Lukmançylyk mekdebiniň direktory bu möhüm resminamanyň mazmuny we okuw neşirlerine bildirilýän esasy talaplary barada giňişleýin düşündirdi.

Mejlisiň ahyrynda okuw edebiýatlaryny neşir etmegiň meýilnamasyna pugta eýerilmegine gözegçiligi güýçlendirmegiň mekdep ýolbaşçylarynyň esasy borçlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylara nusga hökmünde okuw kitaplarynyň görnüşleri, olara ýazylýan synlar boýunça usulyýet görkezmeleri hem-de degişli usulyýet geňeşleriniň mejlis beýanlarynyñ nusgalary hödürlenildi.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: