Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi: Aşgabatdaky baýramçylyk çäreleri
18.05.2025 | 15:28 |18-maýda Türkmenistan döwlet derejesindäki baýramyny – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Esasy dabaralar ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirildi.
Ir bilen gül goýmak dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň öňünde geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. Döwletiň binýatlarynyň, ýurduň demokratik esaslarynyň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna döwlet Baştutanynyň adyndan gül çemeni goýuldy.
Konstitusiýa binasyna şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulularm gül çemenlerini goýdular.
Mundan soňra baýramçylyk dabaralary paýtagtyň günorta böleginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynda dowam etdirildi. Bu ýerde hem gül çemenlerini goýmak dabarasy geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Açyk sahna meýdançasynda köp sanly tomaşaçynyň öňünde meşhur aýdymçylar, sazandalar, belli tans we folklor toparlary, şeýle-de çagalardan düzülen toparlar çykyş etdiler. Konsert maksatnamasynda watançylyk ruhundaky ajaýyp aýdymlar ýaňlandy we gadymy “Küştdepdi” tansy ýerine ýetirildi.
Paýtagtda geçirilen baýramçylyk çäreleri Konstitusiýanyň döwletlilik binýady hökmünde ähmiýetini hem-de Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we özygtyýarlylygynyň baş nyşany bolan Döwlet baýdagyna bildirilýän uly hormaty aýdyň tassyklaýar.
ORIENT